Bütindünýä sergisi «EXPO 2025»: geljege nazar
21.01.2025 | 12:40 |Ýaponiýada «EXPO 2025 Osaka» sergisine işjeň taýýarlyk görülýär. Bu sergi 2025-nji ýylyň 13-nji apreli bilen 13-nji oktýabry aralygynda Ýumesima adasynda geçiriler we çaklamalara görä, 28,2 million myhmany kabul eder. Serginiň mowzugy – «Geljek durmuşymyz üçin jemgyýeti taslamak». Onuň resmi maksatlary Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna goşant goşmak hem-de Ýaponiýanyň milli strategiýasy bolan «Jemgyýet 5.0» durmuşa geçirmek bolup durýar. Bu strategiýa sanly tehnologiýalaryň, şol sanda emeli intellekt, robot tehnikasy, uly maglumatlar (big data) we beýleki döwrebap çözgütler arkaly durmuş meselelerini çözmek we ykdysady ösüş gazanmak üçin niýetlenendir.
Bütindünýä sergisiniň taýýarlygy 2025-nji ýylyň 15–16-njy ýanwarynda Ýaponiýanyň Himedzi şäherinde geçirilen halkara duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çärä halkara guramalardan hem-de 100-den gowrak ýurt, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň jemleri boýunça metbugat-maslahat geçirildi. Onda Ýaponiýanyň Bütindünýä sergi bileleşiginiň Baş sekretary Hiroýuki Isige we Halkara sergiler edarasynyň (BIE) Baş sekretary Dmitriý Kerkenses çykyş etdiler. Kerkenses «EXPO» ýurtlaryň arasyndaky gepleşik we hyzmatdaşlyk üçin ajaýyp mümkinçilikdigini nygtap, bu çäräniň häzirki ählumumy çylşyrymly ýagdaýda aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. 160 ýurt ylalaşykly we parahatçylykly ýagdaýda ýygnanyp, innowasiýalar we tehnologiýalar ugurlarynda gazanan iň täze üstünliklerini, şeýle hem durmuşymyzyň geljegi üçin jemgyýet baradaky taslamalaryny hödürlär.
Hiroýuki Isiýe Ýumesima meýdançasyndaky taýýarlyk işleriniň ýokary depginde dowam edýändigini we serginiň ilkinji myhmanlaryny 13-nji aprelde kabul etmäge doly taýýardygyny habar berdi. Ol öňünden satuwda 7 milliondan gowrak petek satylandygyny, emma olaryň köpüsiniň kompaniýalar tarapyndan satyn alnandygyny habar berdi. Şeýle-de, Bütindünýä sergisiniň mazmunyny we maksatnamasyny halk köpçüligine has giňişleýin ýetirmek boýunça işleriň güýçlendirilmelidigini nygtady.
«EXPO 2025» sergisinde Türkmenistanyň Milli güni 14-nji aprelde, serginiň açylyşyndan bir gün soň, bellenilip geçiler. Türkmenistandan başga-da, 158 döwletiň halkara pawilýonlarynyň sergä gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
2025-nji ýylda Osakada geçiriljek köpugurly sergi jemgyýetiň geljegini görmäge, synap görmäge we göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän uly maksatnamany hödürleýär. Bu sergi BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin esas bolup hyzmat eder. Şeýle hem, bu Ýaponiýanyň jemgyýet, tehnologiýa we adamzat ösüşi babatynda täze bir ädim ädýän pursaty bolar. Geljekki nesil ýaşlaryň gatnaşmagynda Ýaponiýa täze pikirlenýän şahslary, ýokary gazanylan üstünlikleri we geljekki liderleri ösdürip, miras galdyrmak mümkinçiligine eýe bolar.
Sergi täze tehnologiýalary durmuşa geçirmek üçin platforma bolar: Smart Mobility Expo uçýan ulaglary, robot tehnologiýalaryny, ösen şahsy hereket mümkinçiliklerini we zyňyndysyz ulag serişdelerini hödürlär. Virtual Expo sergä dünýäniň islendik ýerinden wirtual görnüşde gatnaşmaga mümkinçilik döreder. Digital Expo sanly tehnologiýalaryň iň täze gazananlaryny görkezmek üçin meýilleşdirilýär: myhmanlara şahsy kömekçilerden başlap, maşyn terjime ulgamlaryna çenli köp sanly çözgütler görkeziler. Art Expo sergi çäklerinde ýerleşdirilen ençeme çeperçilik installýasiýalaryny, Suw meýdançasynda suw şüweleňini we Asudalyk tokaýyndaky çeperçilik eserlerini öz içine alar. Green Expo pes uglerodly geljege ýol açjak iň täze ýaşyl tehnologiýalary tanyşdyrar. Future Life Expo bolsa, geljegiň şäherlerinde nähili ýaşap, işläp, iýip-içmek we hereket etmelidigini görkezýän tejribeleri hödürlär.
Serginiň alty aý dowam etjek döwründe myhmanlara maglumat bilen üpjün etmek, güýmenje hödürlemek we olara bilim bermek maksady bilen dürli çäreler guralar. Bu çäreler resmi çäreleriň, guramaçylaryň çäreleriniň we jemgyýetçilik çäreleriniň utgaşmasy bolar. Mowzuklaýyn hepdelikleriň maksatnamasy ýurtlaryň wekilleriniň we dünýäniň dürli künjeginden gelen myhmanlaryň gatnaşmagynda guralyp, halkara bilimleri, tejribeleri we hyzmatdaşlygy birleşdirer. Bu gepleşik arkaly ählumumy meseleleri çözmegiň ýollary gözlener. Sekiz sany mowzuklaýyn hepdelik şu aşakdaky mowzuklar boýunça geçiriler: Geljegiň medeniýetlerini bilelikde döretmet; Jemgyýet we hereket mümkinçilikleriniň geljegi; Durmuşyň zerurlyklary: iýmit, egin-eşik we jaý; Saglyk we abadançylyk; Bilim we oýun; Parahatçylyk, howpsuzlyk we ynsan mertebesi; Ýeriň we biologik dürlüligiň geljegi; SDG+: durmuş boýunça geljege göz ýetirmekden daşarda durmuş hilini ýokarlandyrmak.
ORIENT