Türkmenistanda Gümrük gullugynyň ýanyndaky täze Gözegçilik-seljeriş merkezi işläp başlady
20.01.2025 | 17:17 |Şu gün, 20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky täze Gözegçilik-seljeriş merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Täze merkez hakyky wagt tertibinde gümrük desgalaryna uzak aralykdan gözegçilik etmek üçin niýetlenen.
Merkeziň hünärmenleri şol bada monitoringi we ýurduň ähli gümrük nokatlarynda gümrük amallaryň seljerişini amala aşyrýarlar. Merkez häzirki zaman enjamlar we programma üpjünçiligi bilen enjamlaşdyrylyp, olar onlaýn-görnüşinde gümrük gözegçilik nokatlaryndan harytlaryň we ýükleriň geçirilmegine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Bu hem geçiriliş nokatlarynda harytlaryň we ýükleriň geçirilmeginde gümrük edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrar.
Şeýle-de Merkez pudagara hyzmatdaşlygy we awtomobil, demirýol geçirliş nokatlarynyň, şeýle hem howa menzillerinde gümrük desgalarynyň gözegçiligini hem güýçlendirer. Täze tehnologiýalaryň kömegi bilen Merkeziň hünärmenleri maglumatlary merkezleşdirip ýygnap, işläp we seljerip bilerler, bu bolsa hukuk goraýjy edaralarynyň seljeriş mümkinçiliklerini ýokarlandyrar.
Täze Gözegçilik-seljeriş merkezinde gije-gündiz monitoringi üçin oňaýly şertler döredilen. Iş zolagy işgärleriň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur bolan amatlyklar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan. Şeýle hem, dynç-alyş zolaklar, ýygnaklary we maslahatlary geçirmek maksady bilen onlaýn-maslahatlar üçin ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýörite zal göz öňünde tutulan.
Merkeziň açylmagy Türkmenistanda gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak we awtomatlaşdyrmak ugrunda ýene bir ädim bolup durýar.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Döwlet gümrük gullugyna 7 sany awtomobil sowgat berildi.
ORIENT News