Iň täze habarlar

QazaqGaz ADNOC bilen bilelikde Türkmenistanda taslamalary meýilleşdirýär

15.01.2025 | 14:41 |
 QazaqGaz ADNOC bilen bilelikde Türkmenistanda taslamalary meýilleşdirýär

QazaqGaz kompaniýasy BAE-niň ADNOC (Abu Dhabi National Oil Company) Milli nebit kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanda geologiýa barlag taslamalaryna gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy. QazaqGaz müdirliginiň başlygy Sanžar Žarkeşowyň ADNOC kompaniýasynyň Halkara ösüş boýunça ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohammed Al-Arýani bilen geçiren duşuşygynda bu mesele barada maslahatlaşyldy.

“Biz ADNOC bilen hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini görýäris hem-de bu babatda kuwwatymyzy netijeli ulanmaga taýýardygymyzy beýan edýäris. QazaqGaz aýdyň we bäsleşige ukyply şertleri teklip etmäge hem-de geljegi uly bolan böleklerde mümkinçilikleri hödürlemäge taýýardyr” – diýip, Žarkeşow belledi.

Belli bolşy ýaly, 2024-nji ýylda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde QazaqGaz bilen “Türkmengazyň” arasynda ösüş hakynda strategiki ylalaşyga gol çekildi. QazaqGaz Türkmenistanda gaz ýataklaryň, şol sanda ägirt uly Galkynyş nebitgaz ýatagynyň işläp taýýarlamalaryna gatnaşmagy göz öňünde tutýar.

ORIENT news

Foto: azh.kz

Şeýle hem okaň: