TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 21 geleşik baglaşyldy
13.01.2025 | 15:55 |Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 21 geleşik hasaba alyndy.
Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt walýutasyna “Türkmennebit” Döwlet konserniniň tehnologiki desgalarynda işlenilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri karbamid we hlorly natrini (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 3 mln 674 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.
Içerki bazara türkmen işewürleri pagta süýümlerini, nah galyndylaryny, şeýle hem dokma önümlerinden täzeden generirlenen süýümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 82 mln 138 müňden gowrak manada barabar boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news