Iň täze habarlar

Ärdogan prezidentlik wezipesine dalaşgärligini täzeden hödürlemek mümkinçiligi barada aýtdy

13.01.2025 | 14:45 |
 Ärdogan prezidentlik wezipesine dalaşgärligini täzeden hödürlemek mümkinçiligi barada aýtdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan geçiriljek prezident saýlawlarynyň täze möhletine öz dalaşgärligini hödürlemek mümkinçiligi barada aýtdy.

Bu barada ol Şanlyurfada geçirilen häzirki wagtda edara ediji Adalatlylyk we ösüş Partiýasynyň mejlisinde eden çykyşynyň dowamynda habar berdi. Ol ýerde meşhur türk aýdymçysy Ibragim Tatlyses täzeden dalaşgärligini hödürlemäge taýýarmy diýip sorag berende, Ärdogan ýylgyryp, “sen razy bolsaň, menem razy” diýip jogap berdi. Bu hem ýygnanşanlaryň uly elçarpyşmalaryny döretdi.

Türkiýäniň baş geňeşçisi Mehmet Uçum Ärdoganyň täze möhlete dalaşgärligini hödürlemegi parlamentiň 2027-nji ýylyň ikinji ýarymynda möhletden öňki saýlawlary geçirmek baradaky kakary kabul eden ýagdaýynda mümkin bolar. Bu sebäpli hem, döwlet baştutanyň täzeden dalaşgärligini teklip etmek üçin hukuk şertleri ýurduň kanunçylygyna laýyk bolar.

ORIENT news

Foto: inform.kz

Şeýle hem okaň: