Aşgabatda “Turkmentextile Expo-2025” Halkara dokma önümleri we moda sergisi geçiriler
14.01.2025 | 16:25 |2025-nji ýylyň 11-13-nji iýuny aralygynda Aşgabatda Turkmentextile Expo-2025 Halkara dokma önümleri we moda sergi we ýarmarkasy geçiriler. Ol Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralar.
Sergi dokma enjamlary, tebigy süýümleriň gaýtadan işlenilmegi, egin-eşik we aýakgap, öý dokma önümleri, ätiýaçlyk bölekler we kömekçi materiallar, himiki serişdeler we boýaglar, goşmaça bezeg önümleri, gerekli enjamlar, şeýle hem iň täze hem-de “know-how” tehnologiýalar ýaly ugurlary we bölümleri öz içine alar.
Halkara sergi Türkmenistanyň dokma senagatynyň mümkinçiliklerini açyp görkezmek, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin meýdança öwrüler. Gatnaşyjylar innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanşyp, işewür gatnaşyklary ýola goýup hem-de geljekki hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşyp bilerler.
Gatnaşyp öz önümlerini sergide görkezmäge isleg bildirýän taraplar (+99363) 70-39-39 telefon belgisi arkaly ýa-da contact@turkmenexpo.com elktron salgysy boýunça guramaçylar bilen habarlaşyp bilerler.
Ozal habar berşimiz ýaly,Türkmen dokma önümleri Germaniýadaky Hiemtextile Halkara sergisine gatnaşýar.
ORIENT news