TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “B” markaly karbamide we “TPP D 30 S” markaly polipropilene isleg bildirildi
15.01.2025 | 10:10 |14-nji ýanwarda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa önümleri ýerlenildi.
Ukrainanyň we BAE-niň telekeçileri “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni bilen “B” markaly karbamidi satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “TPP D 30 S” markaly polipropileni satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 4 000 000 manada we 3 172 550 amerikan dollara barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.
ORIENT news