Türkmen dokma önümleri Germaniýadaky Hiemtextile Halkara sergisine gatnaşýar
14.01.2025 | 16:00 |Şu gün Frankfurt şäherinde (Germaniýa) dokma önümlerini öndürijiler we dizaýnerler üçin iri dünýä meýdançasy hasaplanylýan Hiemtextile-2025 Halkara sergisi öz işine başlady. Türkmen dokmaçylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny bu abraýly sergide öz önümleriniñ täsirli görkezilşinden başladylar.
Gatnaşyjylaryñ arasynda Ýewropanyñ, ABŞ-nyñ we dünýäniñ beýleki sebitleriniñ meşhur brendleri bar. Bedew, Nusaý, Goza, Wada, Gala, ADT, Merw, Mäne we beýlekiler ýaly türkmen öndürijileri ýurduñ dokma senagatynyñ baý däplerini we döwrebap tehnologiýalaryny açyp görkezýän ýokary hilli önümlerini görkezýärler.
Serginiñ myhmanlary uly höwes bilen türkmen stendi bilen tanyşyp, görkezilýän önümleriñ özboluşly dizaýnini, ekologiýa taýdan arassalygyny hem-de berkligini belleýärler.
Sergiñ çäklerinde türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlary we gyzyklanma bildirýän taraplary 2025-nji ýylyñ 11-13-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde ilkinji gezek geçiriljek "Turkmentextile-Expo 2025" sergisine gatnaşmaga çagyrdylar.
ORIENT news