Russiýa Merkezi Aziýa we Hytaýa gaz üpjünçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär
13.01.2025 | 15:35 |Ýakyn ýyllarda Russiýa Merkezi Aziýa ýurtlaryna gaz üpjünçiliginiň mukdaryny 10-15 milliard kub metre çenli artdyryp biler. Bu barada TASS bilen söhbetdeşlik geçiren bilermenler aýtdy.
“Gazagystan we Özbegistan bilen Merkezi Aziýa - Merkez gaz geçirijisinde herektiň ugruny üýtgetmek ýagdaýynda gaz geçirijiniň kuwwatyny artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Kuwwatyny artdyrmak mümkinçiligi ýylda 10-12 milliard kub metre ýeter” – diýip, Milli energetika howpsuzlygy gaznasynyň başlygynyň orunbasary, “Waldaý” toparynyň bilermeni Alekseý Griwaç aýtdy. “Finam” MT-iň analitigi Sergeý Kaufman bu görkezijini 12-15 milliard kub metr diýip baha berdi.
Şeýle hem Russiýa Hytaýa turbageçirijiler arkaly gaz üpjünçiligini artdyrar. “Gazprom” “Sibiriň güýji” turbageçirijisi arkaly ýyllyk üpjünçiligiň iň ýokary mukdaryna ýetdi we hytaýly hyzmatdaşlary bilen goşmaça şertnamalara gol çekdi, şonuň üçin 2025-nji ýylda Russiýanyň bu ugur boýunça gaz eksporty çak edilýän 38 milliard kub metrden ýokary bolup biler diýip, “Implementa” kompaniýasynyň gözlegler boýunça müdiri Mariýa Belowa hasaplaýar. Mundan başga-da, 2027-nji ýylda Hytaýa iberilýän umumy mukdary 48 milliard kub metre ýetirjek Uzak Gündogaryň üsti bilen gaz üpjünçiliginiň başlanmagyna garaşylýar.
Şol bir wagtyň özünde, Russiýa häzirki wagtda Hytaýa barýan iki sany täze gaz geçirijiniň ugruna seredýär: kuwwaty 50 milliard kub metre deň bolan Mongoliýanyň üsti bilen “Sibiriň güýji - 2”. we Gazagystanyň çäginden 45 milliard kub metre deň bolan turba geçirijisi. (Hytaý üçin 35 milliard we Gazagystanyň demirgazyk-gündogar sebitlerini gazlaşdyrmak üçin 10 milliard). Bilermenler “Sibiriň güýji 2” taslamasyny has ösen we ileri tutulýan hasaplaýarlar: ol Sibirdäki uly şäherleri gazlaşdyrmaga we ösen sarp ediş ulgamy bilen Hytaýyň paýtagtynyň aglomerasiýasyna gaz getirer.
ORIENT news