Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
NASA-nyň maglumatlaryna görä, 21-nji ýanwardan başlap, Gün ulgamynyň alty planetasy - Wenera, Mars, Ýupiter, Saturn, Uran we Neptun “planetalaryň ýörişine” gatnaşyp, gije asmanda hatara düzüler.
Gyzykly tarapy, Ýere iň ýakyn dört planetany ýönekeý göz bilen görmek bolýar. Şeýle-de bolsa, dürbü ýa-da teleskop ýaly goşmaça optiki gurallaryň ulanylmagy syn etmegiň hilini ep-esli ýokarlandyrar.
Astronomiýada “planetalaryň ÿörişi” Ýerdäki synçy üçin Gün ulgamynyň bir tarapynda Gün bilen deňeşdirilende gün ulgamynyň birnäçe planetasynyň görünýän hadysasydyr.
Bir bada ýedi planeta görünýän bolsa, ýöriş doly ýa-da uly diýilýär. Oňa 2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Merkuri ýörişe goşulanda syn etmek bolar.
ORIENT news
