Türkmen gümrükçileri BAE iş saparyny tamamladylar
14.01.2025 | 09:45 |Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine iş sapary tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.
Sapar 2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Abu-Dabide gol çekilen Gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek hakynda ikitaraplaýyn Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň bir bölegi boldy.
Wekiller BAE-niň Federal gümrük müdirliginiň resmi işgärleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Halkara gümrük gatnaşyklar departamentiniň direktory Soud Alagrubi Federal gümrük müdirliginiň işi bilen tanyşdyryp, Ygtyýarlandyrylan ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasyny ornaşdyrmak boýunça ösüş barada gürrüň berdi.
Duşuşykda ygtyýarlandyrylan ykdysady operatorlary özara ykrar etmek barada hyzmatdaşlyk meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň bilen baglylykda, arap tarapy bu ugurda özara gatnaşygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin Iş meýilnamasynyň taslamasyny teklip etdi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Dubaý gümrükhanasyna, Jebel Ali deňiz portuna hem-de Dubaýyň Gümrük akademiýasyna baryp gördiler. Jebel Ali deňiz portunyň wekilleri wekiliýet agzalaryny ulag serişdeleriniň radioaktiw skanirlemegiň innowasion ulgamy bilen tanyşdyrdylar. Onuň kömegi bilen barlag işleri amala aşyrylýar, ýük ulaglary we konteýnerler barlanylýar. Ýokary derejeli aralaşmak ukybynyň netijesinde içindäki düzümler harytlara we iýmit önümlere zeper ýetirmezden jikme-jik barlanylýar, şol bir wagtyň özünde gadagan edilen goşundylar ýüze çykarylýar. Bu ulgam sagatda 8-15 km tizlikde hereket edýän 150 ýük ulagy skanirlemegi başarýar. Dubaýyň Gümrük akademiýasyna baryp, gümrük işiniň öwredilişinde innowasion usullar, şol sanda wirtual hakykat şertlerinde okatmak usulyýeti hem öwrenildi.
ORIENT news