Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň DIM-niň 2025-nji ýyldaky iş meýilnamasyny tassyklady
11.01.2025 | 03:55 |Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan hödürlenen şu ýyl üçin DIM-niň iş meýilnamasyny tassyklady.
On bapdan ybarat bolan Iş meýilnamasynyň “Guramaçylyk meseleleri” diýip atlanyrylan babynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de döwlet Baştutanynyň kabul eden resminamalaryny ýerine ýetirmek boýunça diplomatik gullugy tarapyndan şu ýylyň möhüm senelerine taýýarlyk döwründe durmuşa geçiriljek işler barada bellenilýär.
Ýewropa, Orta Gündogar, Ýakyn Gündogar we Afrika, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti, Amerika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler – meýilnamanyň “Türkmenistanyň daşary syýasy hyzmatdaşlygy” atly babynda beýan edilýär. Onda saparlary, syýasy geňeşmeleri we hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky boýunça beýleki halkara çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.
“Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk” atly babynda, Türkmenistanyň eksport we maýa goýum mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmany artdyrmak boýunça hökümetara toparlaryň yzygiderli işini ösdürmek, daşary ýurtlaryň döwlet edaralary, kompaniýalary we ykdysady, maliýe guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýaly çäreleri özünde jemleýär.
“Hukuk meseleleri” baby, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň dowamynda gol çekmek üçin Iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan resminamalary taýýarlamaga bagyşlanýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2025-nji ýyldaky Iş meýilnamasynda ýokarda agzalan ugurlardan başga-da konsullyk işine, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak, protokol we beýleki meselelere degişli baplary öz içine alýar.
Iş meýilnamasy, abraýly halkara guramalarynyň belent mümberlerinden we ilkinji nobatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde öňe sürüljek Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryny taýýarlamagy göz öňünde tutýar.
Şeýle hem, geçen ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly işleri ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär. Munuň bilen birlikde, hödürlenen meýilnama Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitleýär.
ORIENT