Iň täze habarlar

TOPH, maýa goýum, ekologiýa taslamalary: Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň 2024-nji ýylyň möhüm wakalary

10.01.2025 | 13:30 |
 TOPH, maýa goýum, ekologiýa taslamalary: Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň 2024-nji ýylyň möhüm wakalary

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy ýurduň ykdysadyýetinde ähmiýetli orun tutmagyny dowam etdirip, giň gerimli taslamalar we innowasiýa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen möhüm üstünlikleri görkezýär. 2024-nji ýylda bu pudak täze belentliklere ýetip, ýurduň energiýa serişdeleriniň öňdebaryjy eksport edijisi hökmündäki ornuny berkidýär.

Ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalaryň we maýa goýumlaryň çekilmeginiň hasabyna täze baý ýataklary ýüze çykarmak we özleşdirmek, uglewodorodlaryň gazyp alnyş we gaýatadan işleýiş möçberlerini ýokarlandyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä energetiki bazarlaryna çykarmagyň dürli ugurlaryny döretmek, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalary ulanmak, buraw guýylaryny burawlamak we düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan wezipeler “Türkmennebit” we “Türkmengaz” Döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy tarapyndan yzygiderli ýerine ýetirilýär.

TOPH taslamasynyň ösdürilmegi

Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň – TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň dowam etdirilmegi esasy üstünlikleriň biri boldy. Şu ýyl Serhetabatdan owgan Hyradyna çenli böleginiň, şeýle hem taslamany özüniň jemleýji tapgyryna ýakynlaşdyrýan “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň gurulmagy başlandy. “Arkadagyň Ak ýoly” diýlip atlandyrylýan bu gerimli infrastruktura desgasy sebitde energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyryp, halkara gaz üpjünçiliginde Türkmenistanyň strategiki ornuny üpjün edýär.

Nebiti gaýtadan işlemegiň ösdürilmegi

2024-nji ýylda uglewodorodlaryň düýpli gaýtadan işlenilmegine aýratyn üns çekildi. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ekologiýa standartlaryna laýyk gelýän ýokary oktanly benziniň we dizel ýangyjyň çykarylmagyny ýokarlandyrdy. Ahal welaýatynyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawody dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşynyň durnukly ösüşini görkezmegi başardy. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin uglewodorod çig malynyň düýpli gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilen önümçilik toplumlary hem ýardam edýär. Olaryň arasynda ýokary dykyzlykly polietileni we dürli markaly polipropileni çykarýan Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polimer zawody hem bar.

Seýdiniň we Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda nebiti gaýtadan işlemek boýunça desgalar hem hereket edýär, awiasiýa, ýagtylandyryjy we tehniki nebiti, suwuklandyrylan gaz, dürli görnüşli dizel ýangyçlary, çalynýan ýaglar we polipropilen, elektrod gyzdyrylan koksy, ýol we gurluşyk bitumlary, dürli galyňlykly gaplaýjy örtükler we beýlekiler çykarylýar.

Ekologiýa başlangyçlary

Ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ösdürilmegine aýratyn orun berilýär. Türkmenistan parnik gazlaryň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegini dowam edýär. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ýanynda ilkinji gibrid gün-ýel elektrik stansiýasynyň gurulmagy “ýaşyl” energetika geçişinde möhüm ädim boldy.

Ählumumy Metan borçnamalaryna (GMP) goşulşyp hem-de dünýä gaz senagatynyň parnik gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak boýunça alyp barýan işini, zyňyndylary ölçemekde tehnologiki innowasiýalaryň halkara tejribesini, şeýle hem sanly serişdeleri we hasaplaýjy hyzmatlary göz öňünde tutup, Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesine ýetmegi meýilleşdirýär.

Mundan başga-da, ýurdumyz BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň çäklerinde döredilen MARS sanly platformasynyň işine gönüden-göni gatnaşmaga uly ähmiýet berýär.

Daşary ýurt maýa goýumlaryň çekilmegi

Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde gazanylan üstünlikler hem ähmiýetli bolup dur. Aprel aýynda Parižde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi boýunça göçme Halkara forumy, iýun aýynda geçirilen “Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri” (TESC-2024) atly Halkara ylmy-amaly maslahaty, şeýle hem oktýabr aýynda “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri hem-de “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy tarapyndan guralyp Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” atly Halkara maslahaty we sergisi munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Şeýle duşuşyklaryň netijesinde Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk aragatnaşygyny pugtalandyrýar. OGT-2024

OGT-2024 – “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” atly Halkara maslahaty ýylyň ähmiýetli wakasy boldy. Çäräniň çäklerinde gazyň eksport geljegi, pudaga sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de ekologiýa taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Öňdebaryjy hünärmenleriň we kompaniýalaryň gatnaşmagy täze işewürlik gatnaşyklary ýola goýmaga we nebitgaz pudagynyň ösdürilmeginde innowasiýa çemeleşmeleri bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň durnukly ösdürilmegi dünýäniň energetika bazarynda ýurduň ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki derejesini tassyklaýar. 2024-nji ýylda gazanylan üstünlikler bu pudak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijeliligini görkezip, nebitgaz pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açyp berýär.

ORIENT News

Foto: www.oilgas.gov.tm

Şeýle hem okaň: