Gazagystan Aral deňziniň ekoulgamyny dikeltmek işini güýçlendirmegi göz öňünde tutýar
09.01.2025 | 16:00 |Gazagystan Aral deňziniň ekoulgamyny dikletmek boýunça uly işleri alyp barýar.
Soňky ýyllarda respublika sebitiň suw we ekologiýa meselelerini çözmek maksady bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasy bilen hyzmatdaşlygy güýçlendiridi.
Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýermuhambet Konuspaýew Gaznanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirip, ol ýerde Gazagystanyň başlyklyk etmekliginiň birinji ýylynyň netijeleri we Gaznany özgertmek boýunça meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Aral sebitindäki ýurtlaryň suw-hojalyk dolandyryşy, suw-energetika hyzmatdaşlygy we ekologiýa ösüşi bilen baglanyşykly meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. Ekoulgamy gowulnadyrmga mümkinçilik berjek sebitleýin ekologiýa taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen ylalaşyklara gol çekilmegi möhüm ädim boldy.
Aral deňziniň ekoulgamyny dikeltmek işi diňe bir suw deňagramlylygynyň dikeldilmegini däl-de, eýsem deňziň öňki ýerlerinde agaç oturtmaklygy hem öz içine alýar. Bu bolsa tozanly gaýylary azaltmakda hem-de ýerli ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda ýardam berer. Gazagystan sebitiň durnukly ösüşini gazamak hem-de ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin halkara hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary ösdürmegi hem göz öňünde tutýar.
ORIENT news