Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy
08.11.2024 | 19:00 |Şu gün, 8-nji noýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmagyna bagyşlanan ministrleriň derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi. Çärä halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem resmi adamlar hem-de ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri, şol sanda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekiliýetleri gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýada Raýatsyzlygy azaltmak baradaky Konwensiýa we raýatsyzlygyň soňuna ýetmegine gönükdirilen #IBelong başlangyjyny üstünlikli tamamlan ilkinji ýurt boldy. Munuň bilen baglylykda Türkmenistan bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi dowam edýär. Maslahaty açmak bilen, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy 2019-2024-nji ýyllar üçin Raýatsyzlygyň soňuna ýetmek boýunça hereketleriň Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi barada giňişleýin maglumat berdi.
Ýurdumyzda raýatsyzlygy azaltmak we onuň döremeginiň öňüni almak babatda giň gerimli işler amala aşyryldy. Şu günki güne 32 000-den gowrak bosgunlar we raýatsyzlygy ýok adamlar Türkmenistanyň raýatlygyny aldylar. Munuň bilen baglylykda 5 ýyllyk kabul edilen Raýatsyzlygyň soňuna ýetmek boýunça hereketleriň Milli maksatnamasyň üstünlikli durmuşa geçirilendigi aýratyn bellenildi. Şu ýylyň 15-nji oktýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji mejlisiniň çäklerinde Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça täze Ählumumy bileleşigi barada yglan edildi.
Türkmenistan bu Bileleşige goşulyşyp, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi Ruwendrini Menikdiwela Türkmenistanyň adam hukuklaryny, şol sanda raýat hukugyny goramakda gazananalarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilendigini belledi. Ol Türkmeinstanyň mundan beýläk-de bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barjakdygyna ynam bildirdi. Maslahat öz işini 6 bölümçe mejlislerinde dowam etdi. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýandygy barada belläp geçdiler. Munuň bilen baglylykda, ýurduň çäklerinde milli kanunçylyga we halkara kadalara laýyklykda Türkmenistanda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we bähbitleriniň goraglylygy we üpjün edilmegi boýunça möhüm işler alnyp barylýar.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara edaralary bilen bilelikde bosgunlaryň we raýatlygy ýok adamlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi babatda çäreler işjeň alnyp barylýandygy bellenildi. Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň hemişelik wekili hökmünde Türkmenistan dünýä tagallalaryna möhüm goşant goşup, bu ugurda dürli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirýär.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň raýatlygy ýok adamlaryň we göçgünleriň durmuş üpjünçiligini goraglylyk meseleleriniň çözülmegi boýunça halkara borçnamalaryny netijeli ýerine ýetirip, olara deň hukuklary we mümkinçilikleri üpjün edýändigi barada bellenildi. Çäräniň çäklerinde iş bölümçeler geçirildi, täze iş gatnaşyklar ýola goýuldy, mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Merkezi Aziýada raýatsyzlygy ýok etmek boýunça sebitleýin maslahatynyň netijeleri boýunça jemleýji resminama kabul edildi. Gatnaşyjylar üçin maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Aşgabat şäheriniň ajaýyplyklaryna gezelençler guraldy.