Türkmenistanyň ilçisiniň Katar Döwletiniň kiberhowpsuzlyk boýunça Milli agentliginiň başlygy bilen duşuşygy
21.09.2024 | 08:27 |Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Döwletiniň kiberhowpsuzlygy boýunça Milli agentliginiň başlygy Abdulrahman bin Ali Al Farahid Al Maliki bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekligiň ýollary we öňde duran wezipeler barada maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, ilçi häzirki wagtda Türkmenistanda bolup geçýän uly özgerişlikler barada gürrüň berdi.
Hususan-da, 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli beýik akyldar şahyryň doglan gününe bagyşlanylyp milli we halkara derejesindäki çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.
ORIENT news