Iň täze habarlar

Türkmenistanda täze ýokary tizlikli “Sarahs-Mary-Serhetabat” awtoulag ýoluny gurmak meýilleşdirilýär

16.09.2024 | 18:31 |
 Türkmenistanda täze ýokary tizlikli “Sarahs-Mary-Serhetabat” awtoulag ýoluny gurmak meýilleşdirilýär

“Ojar Aziýa” hususy kärhanasy “Sino Gidro Bureau 12. Co., Ltd.”-iň Ýewraziýadaky wekilhanasy bilen “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygy üçin strategiki şertnama baglaşdy.

Uzynlygy takmynan 450 kilometr, şol sanda 35 kilometri goşmaça ýollardan ybarat bolan bu ýol sebitdäki iň uly ýollaryň biri bolar. Ýoluň ini 50 metr bolup, ýol hereketlerini 8 zolakda tertipleşdirmäge mümkinçilik berer hem-de howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin ýörite bölüjiler bilen enjamlaşdyrylar. Gurluşyk wagtynda asfaltbetony, sintetiki örtükler we ýörite güýçlendiriji elementler ýaly innowasion tehnologiýalary we materiallary ulanmak meýilleşdirilýär, bu bolsa ýoluň berkligini we hilini ep-esli ýokarlandyrar.

Bahasy 2 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolan bu taslama daşary ýurt maýa goýumlary tarapyndan maliýeleşdirilýär.

ORIENT news

Foto: ayauk.gov.tm

Şeýle hem okaň: