Iň täze habarlar

Çapar Pay gollanmasy arkaly welaýatlaryñ stasionar telefon hyzmatynyñ tölegini amala aşyryp bolýar

14.01.2025 | 12:45 |
 Çapar Pay gollanmasy arkaly welaýatlaryñ stasionar telefon hyzmatynyñ tölegini amala aşyryp bolýar

"Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasynyñ Çapar Pay gollanmasy arkaly "Türkmentelekom" aragatnaşyk operatoryndan stasionar telefon hyzmatynyñ bank kartasy bilen tölegini amala aşyrmak mümkinçiligi döredi.

Indi ýurduñ islendik welaýatyndaky stasionar telefonunyñ her bir ulanyjysy aragatnaşyk bölümçelerine barman, tölegleri amala aşyryp biler!

Munuñ üçin abonentiñ telefon belgisini girizip, töleg mukdaryny görkezmeli. Kart arkaly onlaýn-tölegler, öz gezeginde, örän amatlydyr. Sebäbi ulanyjy bary-ýogy bir gezek gerekli maglumatlary görkezip, olar geljekde çalt töleg amallaryny ýerine ýetirmek üçin saklanyp galar.

Şeýle usul bilen siz ykjam telefonyñ hasabyny dolduryp, Internet, IP TV, Älem TV, kabel telewideniýesi, Belet Film we beýleki köpsanly hyzmatlaryñ tölegini amala aşyryp bilersiňiz.

Çapar Pay gollanmasy bilen ýaşaýşyñyzy añsatlaşdyryñ! Ol Android we iOS binýadynda işleýän telefonlar üçin elýeterlidir.

ORIENT news

Foto: post.tm

Şeýle hem okaň: