Türkmenistanda Eýranyň raýatlary üçin saýlaw uçastogy açylar
19.06.2024 | 11:25 |Türkmenistanda ýaşaýan Eýran Yslam Respublikasynyň raýatlary 28-nji iýunda geçiriljek Eýranda geçiriljek möhletinden öň Prezident saýlawlarynda ses berip bilerler.
Saýlaw uçastogy Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň we Marydaky konsullyk edarasynyň binasynda açylar. Olaryň iş wagty goşmaça yglan ediler.
Saýlawçylaryň ýanynda Eýranyň hereket edýän pasporty bolmaly.
Eýranyň 8-nji Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagyndan soň yglan edilen Eýranyň Prezidentiniň saýlawlarynda alty dalaşgär tassyklandy.
Prezident – Eýranda ikinji möhüm wezipeli adam bolmak bilen, wekilçilikli wezipeleri ýerine ýetirýär we ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýetine ýolbaşçylyk edýär. Ol 4 ýyllyk möhlet bilen saýlanýar we bu wezipäni yzly-yzyna iki möhletden artyk eýeläp bilmeýär.
ORIENT news