Iň täze habarlar

Ilon Maskyň «xAI» emeli aň kompaniýasy superkompýuter gurar

27.05.2024 | 14:45 |
 Ilon Maskyň «xAI» emeli aň kompaniýasy superkompýuter gurar

Amerikaly işewür Ilon Maskyň eýeçiligindäki «xAI» kompaniýasy özüniň «Grok» atly emeli aň botunyň işlemegini üpjün etmek üçin şahsy kompýuterini gurmagy maksat edinýär. Milliarder bu barada ýakynda maýadarlar bilen bolan duşuşygynda habar berdi.

Superkompýuteriň indiki ýylyň güýzünde iş girizilmegine garaşylýar. Enjamda emeli aň ulgamynda ulanylýan maglumaty gaýtadan işleýiş merkezleriniň çipleri üçin bazarda öňdebaryjy orny eýeleýän N«vidia H100» tizlendirijileri ulanylar.

Täze superkompýuter döretmek üçin işläp düzüjileriň näçe tizlendirijini ulanmak isleýändigi entek kesgitlenmedi.

Şeýle hem Ilon Mask bu taslamanyň çäklerinde «xAI» kompaniýasynyň amerikan programma üpjünçiligi işläp düzüjisi «Oracle» bilen hyzmatdaşlyk edip biljekdigini aýtdy.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: