Iň täze habarlar

Özbek ilçisi Daşoguz welaýatynyň häkimi bilen duşuşyk geçirdi

15.05.2024 | 21:50 |
 Özbek ilçisi Daşoguz welaýatynyň häkimi bilen duşuşyk geçirdi

15-nji maýda Daşoguz şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow Daşoguz welaýatynyň häkimi Soltanmyrat Soltanmyradow bilen duşuşdy. Gepleşigiň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň we Daşoguz welaýatyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň ýollary hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygy barada möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nygtalyşy ýaly iki ýurduň arasynda ýola goýulan birek birege ýokary derejede ynam we dostlukly dialogy, iki döwletiň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki tagallalaryň we syýasy erkiniň netijesinde häzirki wagtda täze mazmun bilen Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar ähli ugurlarda işjeň ösdürilýär we berkedilýär.

Duşuşygyň dowamynda Horezm we Daşoguz welaýatlarynyň arasynda Serhetýaka söwda zolagy - Söwda merkeziniň döredilmegi goňşy ýurtlarymyzyň arasyndaky özara söwdanyň ösmegine hem-de serhetýaka sebitleriniň ykdysadyýetiň ösmegine we abadançylygyna goşant goşjakdygy bellendi.

Söhbetdeşler sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şol sanda häkimleriň we işewür toparlarynyň wekilleriniň saparlarynyň gurnalmagyny, bilelikdäki ykdysady we medeni çäreleri geçirmek, şeýle hem senagat ulgamynda hyzmatdaşlygyny ýola goýmak barada maslahatlaşdylar.

1.jpg

Özbeg ilçihanasynyň habaryna görä taraplar iki ýurduň serhetýaka sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki tagallalary etmäge ylalaşdylar.

ORIENT news

Foto: turkmenistan.mfa.uz

Şeýle hem okaň: