Türkmenistanyň Adalatçysy Finlýandiýada geçirilen halkara okuw maslahatyna gatnaşýar
18.04.2024 | 23:05 |Finlýandiýanyň Helsinki uniwersitetinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adalatçylarynyň alyp barýan işlerini işjeňleşdirmäge we tejribe alyşmaklaryny üpjün etmäge gönükdirilen halkara çäre geçirilýär. Finlýandiýanyň Daşary işler ministrliginiň we Helsinki uniwersitetiniň ýanyndaky Kanunyň hökmürowanlygy merkeziniň bilelikde guramagyna geçirilýän bu çärä Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Ýazdursun Gurbannazarowa, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň adalatçylary gatnaşýarlar.
15 – 19-njy aprel aralygynda geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Adalatçylarynyň diwanlary üçin okuw maslahatynyň guralmagynyň esasy maksady adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden we hukuk goramak işinde netijeli tejribeleri öwrenmekden ybaratdyr.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Adalatçylary işleriniň möhüm ugurlary we gazanylan netijeler barada çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşyjylaryň Finlýandiýada bolan döwründe Finlýandiýanyň parlamentine, Adalatçynyň Diwanyna, Ýokary administratiw kazyýetine, ýurduň Baş prokurorynyň we Adalat kansleriniň edaralaryna saparlar göz öňünde tutuldy.
ORIENT news