Iň täze habarlar

DIM-niň HGI tarapyndan yglan edilen halkara düzme bäsleşigi Merkezi Aziýa ýurtlaryndan talyplaryň ünsüni çekdi

18.04.2024 | 18:16 |
 DIM-niň HGI tarapyndan yglan edilen halkara düzme bäsleşigi Merkezi Aziýa ýurtlaryndan talyplaryň ünsüni çekdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty tarapyndan yglan edilen «Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti» atly düzme ýazmak bäsleşigine 80-den gowrak iş gelip gowuşdy, şolaryň 30-dan gowragy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we magistrantlary tarapyndan hödürlendi.

Hususan-da, düzme ýazmak bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüztutmalar Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetinden, Özbek döwlet dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetinden, Gyrgyz Respublikasynyň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasyndan tabşyryldy.

Täjigistanyň talyplary has işjeňlik görkezdiler – bäsleşige gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelip gowşan ýüztutmalaryň iň köpüsi şolara degişlidir, bu ýurtdan birbada alty ýokary okuw mekdebi gatnaşmak kararyna geldi: Täjik milli uniwersiteti, Täjik döwlet hukuk, işewürlik we syýasat uniwersiteti, Sadriddin Aýni adyndaky Täjik döwlet mugallymçylyk uniwersiteti, Russiýa-täjik (Slawýan) uniwersiteti, M.Nazarşow adyndaky Horog döwlet uniwersiteti we Dangara döwlet uniwersiteti.

Bäsleşige Türkmenistanyň 14 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplary elliden gowrak eser iberdiler.

Iň düzmeler garaşsyz eminler topary – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri tarapyndan kesgitlener. Bäsleşigiň netijeleri 2024-nji ýylyň 1-nji maýynda institutyň saýtynda çap ediler.

Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy 2024-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda geçiriler. Daşary ýurtlardan ýeňijiler bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onlaýn görnüşde gatnaşarlar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: