Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Daşkentde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi

16.04.2024|15:34|
595
daskentde-dasary-isler-ministrliklerinin-arasynda-genesmeler-gecirildi
Surat çeşmesi: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralary 16-njy aprelde Daşkent şäherinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirdiler.

Wekiliýetlere ýolbaşçylyk eden Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilýändigini we bu gatnaşyklary ilerletmekde ýokary derejedäki saparlara esasy ornuň degişlidigini bellediler.

Geňeşmeleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, syýasy ulgamdaky gatnaşyklary giňeltmegiň we anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň, şol sanda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmeginde parlament diplomatiýasynyň möhüm orny nygtaldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Diplomatlar iki ýurduň halkara we sebit guramalaryň, hususan-da BMG-niň we onuň düzüm edaralarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp, sebitde we dünýäde durnuklylygy, ykdysady ösüşi we howsuzlygy üpjün etmek üçin netijeli köptaraplaýyn gurallary işläp taýýarlamaga ygrarlydyklaryny nygtadylar.

Söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, himiýa senagaty, senagat we maglumat howpsuzlygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meselelerine aýratyn üns çekildi.

Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy barada hem belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasbetli Türkmenistanda we Özbegistanda bilelikdäki çäreleri geçirmegiň möhümdigini nygtaldy.

ORIENT news

Daşkentde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi