Iň täze habarlar

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi metanyň zyňyndylaryny kadalaşdyrmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça okuw maslahatyny geçirdi

14.04.2024 | 16:07 |
 ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi metanyň zyňyndylaryny kadalaşdyrmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça okuw maslahatyny geçirdi

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi 2024-nji ýylyň 11-12-nji aprelinde metanyň zyňyndylaryny kadalaşdyrmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça okuw maslahatyny geçirdi.

Bu çäre uglerod karzlary söwdasy ulgamynda öňdebaryjy halkara tejribesini paýlaşmaga hem-de metanyň zyňyndylaryny kadalaşdyrmak babatda döwlet çäreleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirildi.

Okuw maslahatyna “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmengeologiýa” döwlet konsernleriniň, şeýle hem Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we beýleki degişli edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara derejeli bilermen metanyň zyňyndylaryny kadalaşdyrmak we azaltmak boýunça döwlet syýasaty, ÝHHG sebitinde kwotalar söwdasy hem-de tükelleşdirmek boýunça hasabatlary taýýarlamak barada gürrüň berdi.

Merkeziň ykdysady-ekologiýa bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji William Lifiň belleýşi ýaly, bu okuw maslahaty ÝHHG-nyň Merkeziniň Türkmenistanyň Hökümetine ekologiýa howpsuzlygyny ilerletmäge, Ählumumy metan borçnamasynyň çäklerinde ýurduň metanyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen tagallalaryna goldaw bermek boýunça alyp barýan işiniň çäklerinde geçirildi.

ORIENT news

Foto: new-science.ru

Şeýle hem okaň: