Iň täze habarlar

Moskwanyň SOKL biznes mekdebi çagalary «Soft Skills» okuwlaryna çagyrýar

12.04.2024 | 20:00 |
 Moskwanyň SOKL biznes mekdebi çagalary «Soft Skills» okuwlaryna çagyrýar

Eger-de siziň çagaňyz hakyky lider ýaly köpçüligiň öňünde çykyş etmegi arzuw edýän bolsa, Moskwanyň SOKL biznes mekdebiniň çagalar üçin «Soft Skills» okuwy çagaňyzyň arzuwyny hasyl etmäge mümkinçilik berer.

SOKL Aşgabatda okuwlary iki ýaş derejesi boýunça guraýar:

7-9 ýaş aralygy: çagalar özlerini tanyşdyrmak ukyplaryny, özüne bolan ynamyny we köpçülik bilen işlemek endiklerini ösdürerler.

14-17 ýaş aralygy: ýetginjekler oratorçylyk sungatynyň, taým menejmentiň we seljeriş pikirlenmäniň inçe tärlerini öwrenerler.

Okuw sapaklary rus pedagoklary we psihologlary tarapyndan işlenip taýýarlanan ýörite maksatnamalar boýunça geçirilýär.

Bu okuw sapaklarynda çagalar köptaraplaýyn we döwrebap bilim alarlar, özlerinde liderlik häsiýetlerini terbiýelärler, köpçülik bilen işleşmegi öwrenerler, olarda jogapkärçilik, dürli durmuş ýagdaýlaryna taýýarlyk ýaly şahsy häsiýetler kemala geler.

Has giňişleýin maglumat almak üçin (+99371) 518439 telefon belgisi boýunça ýa-da sosial ulgamlarda şu elektron salgylaryna ýüz tutup bilersiňiz: sokl.ashgabat we sokl_turkmenistan.

Öz çagaňyza üstünlikli we özüne ynamly bolmaga kömek etmek mümkinçiligini sypdyrmaň!

ORIENT news

Foto: guramaçylar tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: