Türkmenistanyň telekeçileri Rumyniýada geçiriljek sarp ediş harytlarynyň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
05.04.2024 | 08:56 |Türkmen telekeçileri 16 -19-njy maý aralygynda Buharestde geçiriljek «TIBCO-2024» atly sarp ediş harytlarynyň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.
Sergi «ROMEXPO S.A.» tarapyndan guralýar.
«TIBCO» her ýyl halkyň köpçülikleýin sarp edýän harytlaryny tanyşdyrmak ulgamynda esasy waka bolýar. Onuň çäklerinde dokma önümleri, egin-eşikler, aýakgaplar, gurluşyk enjamlary, ýyladyş tehnikalary, santehnika, kosmetika, parfýumeriýa harytlary, oýunjaklar, azyk önümleri hödürlenýär.
Ilkinji «TIBCO» sergisi 1972-nji ýylda geçirildi. 1994-nji ýylda bu sergi Bütindünýä sergi senagaty birleşiginiň senenamasyna girizildi.
ORIENT news