Iň täze habarlar

Belarus ŞHG-niň işine doly derejede girişmäge taýýar

28.02.2024 | 11:48 |
 Belarus ŞHG-niň işine doly derejede girişmäge taýýar

Belarus Respublikasy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine doly derejede gatnaşmaga we guramanyň işini täze mazmun bilen doldurmaga taýýar.

Bu barada Respublikanyň daşary işler ministri Sergeý Aleýnik ŞHG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Nurlan Ýermekbaýew bilen bolan duşuşygynyň dowamynda mälim etdi. Duşuşyk ýurtda geçirilýän parlament saýlawlaryna synçy hökmünde gatnaşýan wekiliýet toparynyň Minsk şäherine saparynyň çäklerinde geçirildi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary öz gezeginde Belarus Respublikasynyň ýakyn wagtda ŞHG-e gatnaşýan doly derejeli ýurt bolmagy üçin ähli esaslaryň bardygyny belledi.

Nurlan Ýermekbaýewiň bellemegine görä, Belarus Respublikasynyň guramada uzak wagtlap synçy döwlet bolup gatnaşandygyn agaramazdan, ol doly hukukly agza döwletlerden kem bolmadyk işjeňligi görkezdi we dürli oňyn teklipleridir başlangyçlary hödürledi.

Bellenişi ýaly, Belarus Respublikasy gurama girmek üçin ähli zerur çäreleri netijeli durmuşa geçirdi hem-de ŞHG-niň çäklerinde hereket edýän ähli halkara ylalaşyklara goşuldy. Belarusyň ŞHG-e goşulmak meselesiniň şu ýylyň tomsunda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriljek gurama agza döwletleriň sammitiň dowamynda oňyn çözülmegine garaşylýar.

ORIENT news

Foto: sb.by

Şeýle hem okaň: