Iň täze habarlar

Aral deňziniň guran çäginde 1 million gektarlyk sazak tokaýlygy dörediler

09.01.2024 | 17:34 |
 Aral deňziniň guran çäginde 1 million gektarlyk sazak tokaýlygy dörediler

Aral deňziniň Gazagystana degişli guran çäginde 1 million gektarlyk sazak tokaýlygy dörediler. Bu barada Gazagystanyň Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministrligine salgylanyp, Tengrinews.kz neşiri habar berýär.

Daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin Aral deňziniň guran böleginde tokaý melioratiw işlerini alyp barmagyň çäklerinde 2025-nji ýyla çenli umumy mukdary 1,1 million gektar bolan sazak tokaýlygyny döretmek bellenilýär.

Sazak tokaýlygynyň gögerijilik boýunça ýokary derejesini gazanmak üçin tokaý melioratiw işlerine degişli ylmy maslahatlaryny we iş taslamalaryny (mehanizirlenen ekiş we gögeriş) amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Galyberse-de, Aral deňziniň gazak bölegindäki guran çägi özbek tarapynyň çäginden has şordur. Ylym üçünji görnüşdäki topraklara sazak, dördünji görnüşdäki topraklara galofit ösümliklerini (karabak, sarasazan) ekmegi maslahat berýär diýlip, habarda bellenýär.

Aral deňziniň guran çäginde tokaý döretmek üçin 753 müň gektar meýdanda toprak barlaglary geçirildi. Aral deňziniň ösümlikleri ekmek we ösdürip ýetişdirmek üçin infrastruktura döredildi.

Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministrliginiň we Kyzylorda sebitiniň häkimliginiň tagallasy bilen soňky üç ýylda 544,5 müň gektarda tokaý döredildi. Bu ýyl ýene 275 müň gektar ýerde ekiş geçirmek meýilleşdirilýär. Aral deňziniň guramagynyň ählumumy meseledigini göz öňünde tutup, ministrlik Araly halas etmegiň halkara gaznasy (IFAS), Bütindünýä Banky, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID), Koreýanyň tokaý gullugy ýaly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

2021-nji ýylyň tomsunda we güýzünde Özbegistanyň we Gazagystanyň hünärmenleri Aral deňziniň guran çäginde sazak we beýleki agaçlary ekmek boýunça tejribe alyşdylar. Bu okuwlaryň jemleri boýunça Aral deňzi sebitinde tokaý hojalygy pudagynda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnama gol çekildi.

Ekinleriň daşky howa şertlerine çalt uýgunlaşmagy we ýokary derejede ösmegi üçin Aral deňziniň guran böleginde 33 gektar meýdany bolan tokaý nahalhanasynyň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýär. Ol Aral deňziniň çäginde döredilen tokaýlaryň esasy görnüşi bolan sazak we beýleki gyrymsy agaçlaryň tohumlaryny özünde jemleýän genetiki bank hökmünde Respublikan tokaý tohum merkezi üçin synag meýdançasy bolup hyzmat eder.

Her ýyl onlarça million tonna duzly tozan ýel arkaly deňziň guran böleginden müňlerçe kilometr töwerege ýaýraýar. Sazak gyrymsy agajy çöl şertlerinde gowy ösýär. Mundan daşary, gowy boý alan bir sazak 4 tonna çenli tozany we çägäni uçup gitmezden saklap bilýär.

ORIENT news

Foto: gov.kz

Şeýle hem okaň: