Iň täze habarlar

Daşoguzda täze gyşyň ilkinji gary ýagdy

11.12.2023 | 20:10 |
 Daşoguzda täze gyşyň ilkinji gary ýagdy

Türkmenistanyň Daşoguz sebitiniň ýaşaýjylary täze Gyş paslynyň ilkinji garynyň janly şaýatlary boldular. Bu barada "ORIENT-iň" Daşoguz welaýatyndaky çeşmeleri habar berýär.

Demirgazyk sebitiň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, bu gar 2023 - 2024-nji ýylyň Gyş paslynda Türkmenistanda ýagan ilkinji gardyr. Habar berlişine görä, häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde howanyň temperaturasy -7 gradusa çenli sowady.

Golaýda paýtagt şäher Aşgabadyň etegindäki Köpetdagyň belent gerişlerine hem täze gyş möwsüminiň ilkinji gary ýagypdy. Ýöne bu ýagdaý paýtagtda hiç-hili duýulmady. Şu hepde Aşgabatda howanyň temperaturasynyň görnetin pese düşmegine garaşylýar. Çarşenbe gününde iň pes temperatura düşeninden soň, howanyň ýene-de ýylap başlamagyna garaşylýar.

ORIENT news

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: