Iň täze habarlar

Ankarada Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sport çäresi geçirildi

07.12.2023 | 21:18 |
 Ankarada Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sport çäresi geçirildi

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Ankaradaky “Konak Hali Saha” sport toplumynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli mini-futbol boýunça ýoldaşlyk ýaryşy guraldy.

Ýaryşa Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen we daşary ýurtly talyplar, Türkiýede kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, şeýle hem Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Ankaradaky ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mini-futbol boýunça ýoldaşlyk ýaryşy diňe bir sport baýramçylygy bolman, eýsem, dostlukly we hoşniýetli goňşuçylykly döwletara gatnaşyklarynyň hem nyşany boldy.

Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Ilçihanasynyň adyndan medallar, hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan

Şeýle hem okaň: