Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

28.11.2023 | 22:28 |
 Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

Türkmenistan Azerbaýjan Respublikasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady. Halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryň dowam etdirilýändigi bellendi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet telewideniýesi habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini aýdyp, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara hereketleri ösdürmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ornuny berkitmegiň zerurdygyny nygtady.

2.jpg

Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň özi energiýa serişdelerini ibermek, deňiz portlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň, Hazar deňzi arkaly ýük daşamalaryny işjeňleşdirmegiň hasabyna söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, ençeme ýurtlary baglanyşdyrýan ulag geçelgelerini döretmekdäki hyzmatdaşlyga, şeýle hem kommunikasiýalar we aragatnaşyk ulgamynda özara gatnaşyklara degişlidir.

Söhbetdeşler medeni, ylym, bilim ugurly netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirilýändigini nygtadylar.

ORIENT news

Foto: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

Şeýle hem okaň: