Dünýäniň boks ýyldyzlary Daşkende gelerler
14.11.2023 | 20:00 |Ewander Holifild, Hulio Sezar Çawes, Konstantin Szýu, Amir Han, Aleksandr Usik ýaly dünýäniň boks sportunyň ýyldyzlary Bütindünýä Boks geňeşiniň (WBC) döredilmeginiň 60 ýyllyk ýubileýini bellemek üçin özbek paýtagty Daşkende gelerler. Bu barada Özbegistanyň Milli olimpiýa komiteti habar berýär.
Onuň çäklerinde geçiirljek çäreler eýýäm badalga berildi. Çäräniň açylyşyna ýurduň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, goňşy we uzakdaky daşary ýurtlardan myhmanlar gatnaşdylar. Geçiriljek çäräeleriň barşynda professional boks ýaryşlaryny guramakda işjeň adamlary sylaglamak dabarasy geçiriler.
Nygtalyşy ýaly, Bütindünýä Boks geňeşiniň ýubileý ýyllygyna bagyşlanan çäräleriň çäklerinde bilim, doping, eminlik etmek, halkara hyzmatdaşlyk, boks sportuna girizilen üýtgeşmeler we düzgünler, jemgyýetçilik başlangyçlary we haýyr sahawat etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Bütindünýä Boks geňeşi 60 ýyl mundan ozal, 11 sany milli sport geňeşleriniň başlangyjy bilen döredildi. Şondan bäri bu geňeş iri halkara boks ýaryşlaryny gurap, iň ezber boksçylaryň sanawyny düzüp gelýär.
ORIENT news