Iň täze habarlar

Moskwada «Dutaryň owazy» VII festiwalyny garşylap» atly konsert geçirildi

25.09.2023 | 20:05 |
 Moskwada «Dutaryň owazy» VII festiwalyny garşylap» atly konsert geçirildi

Bu – Moskwada nobatdaky Nury Halmamedow adyndaky «Dutaryň owazy» Halkara sungat festiwalynyň açylşynyň öňüsyrasynda, geçen forumlaryň ýeňijileriniň gatnaşmagynda ajaýyp klassiki sazyň konsertini geçirmek däbidir. Ýaş sazandalar, festiwalyň köp sanly muşdaklarynyň gözüniň öňünde ulalýarlar, olaryň repertuary çuňlaşýar, ýerine ýetirijilik ussatlygy ösýär. Duşuşyk ýeri – öň Dolgorukowlaryň maşgalasyna degişli bolan, XVIII asyryň dikeldilen mülküniň öňki öý buthanasynda ýerleşýän Zubra Sereteli sungat galereýasynyň kiçi konsert zalynda üýtgewsiz galýar.

1 (32).jpg

Bu gezek gelenlere sýurpriz garaşýardy. Konserte gatnaşyjylary we myhmanlaryny salamlap, Galereýanyň administrasiýasy kompozitor, pianinoçy, «Dutaryň owazy» festiwalyny esaslandyryjy we onuň döredijilik müdiri – Mamed Guseýnowy geçen doglan güni bilen gutlady we oňa Zurab Konstantinowiç Sereteliden sowgat – atly suratkeşiň grafiki işini gowşurdy.

2 (39).jpg

Russiýa sungat akademiýasy Sereteliniň ýolbaşçylygynda 2015-nji ýylda «Dutaryň owazy»-ny dürli ýurtlaryň milli kompozitor döredijiliginiň iň gowy däplerini ýaýratmakda we zehinli ýaşlary goldamakda medeni çäre hökmünde kabul etdi. Häzirki geçirilen konsert, hasap boýunça 7-nji festiwalyň bildirişini edip, çäginde ýerine ýetirijileriň saz bäsleşigi, gala-konsert, sungat nazaryýetiniň aktual meseleleri boýunça ylmy-amaly konferensiýasy we türkmen suratkeşleriniň sergisi geçirilýän medeni forumy döredijileriň we gatnaşyjylarynyň döredijilikli ösüşine şaýatlyk edýär.

3 (22).jpg

Repertuara dini sazyň goşulmagy, festiwalyň konsert maksatnamasynyň aýratynlygy boldy. Häzirki konsert 17-nji sentýabrda №65 çagalar sazçylyk mekdebiniň hor toparynyň ýerine ýetirilmeginde «Bogorodise Dewo» Woskresenskiý monastyrynyň mukamy bilen açyldy. Adamyň ruhyna, ýaşaýyşyň ahlak esaslaryna gönükdirilen mukamyň sazy we sözleri, zalda hakyky döredijilik howasyny döretmegiň kamertony boldy.

Iki dilde «Bibijan» türkmen halk aýdymynyň (ýekelikde ýerine ýetirýän Mariýa Tarakanowa) horda ýaňlanmagyny eşitmek örän ýakymlydy. Ondan soňra Ýewgeniý Krylatowyň ýeser we liriki «Krylatyýe kaçeli» (ýerine ýetirenler dariý Guseýnow we Mariýa Tarakanowa) ýaňlandy.

4 (19).jpg

Arassa sesler, ruhlanan ýüzler, gyzlaryň ak eşikleri, oglanlaryň gara kostýumlary, - bularyň hemmesi ruhlandyryp, göwnüöden turýardy.

Mämed Guseýnow konserte gatnaşyjylary tanyşdyranda buýsanç bilen olaryň mekdepden soň bilim alan atly sazçylyk uçilişelerini we ýokary okuw jaýlaryny, olary okadan meşhur mugallymlary, at gazanan sylaglaryny alyp, olaryň ýurtda we daşary ýurtlarda dürli meýdançalarda beren konsert çykyşlaryny sanaýardy. Gürrüňsüz, bu uly hünär geljegi bolan zehinler.

5 (10).jpg

Fris Kreýseriň «Kiçi wena marşy»-nyň ýanynda Nury Halmamedowyň (meşhur «Aýgytly ädim» kinofilminiň äňheňinde) «Derýanyň kenarynda» fantaziýasynyň ýerine ýetirilmeginde Mytişinsk çagalar sazçylyk mekdebiniň «Arpejio» skripkaçylar ansamblyny diňleýjiler şowhunly garşyladylar.

Joakkino Rossininiň «Pişik duetini» ussatlyk bilen we açyk ýerine ýetiren konsertiň iň ýaş gatnaşyjylary Dariý Guseýnow we Mariýa Tarakanowa zaldaky şadyýan janlylyga we el çarpyşyklara mynasyp boldylar. Programmada roýal (Ýeliseý babanow, Roman Bylkow), skripka (Mariýa Romanowskaýa), klarnet (Nikolaý Larin), wiolonçel (Anna Bobrowa), saksofon (Stanislaw Gerasimowiç), soprano (Izabella Şingur) ýaňlandy. Gatnaşyjylar festiwalyň emin agzalary bilen bilelikde çykyş etdiler we bu konserte aýratyn hünär ynamyny berdi.

6 (7).jpg

Finalda programmany düzüjiler, zal üçin açyş bolan çykyşlary hödürlediler. Dirižýor, hormeýster, teatr mugallymy, emin agzasy, bütinrussiýa we halkara bäsleşikleriň ýeňijisi Ýewgeniý Wolkow ýokary okuw jaýynda dini sazyň az belli bolan eserleriniň üstünde işlenýändigi barada gürrüň berdi we roýalyň öňüne otyryp, Nowodewiçiý monastyrynyň monahynyň goşgularyna Kirill Wolkowyň «Çagalar, durmuşda size nämeler garaşsa-da» eserini we bütinrussiýa bäsleşiginiň ýeňijisi Ýana Kolomiýesiň (soprano) ýerine ýetirmeginde Nikolaý Mýaskowskiniň «Sen ýatdan çykarmyň» romasyny hödürledi.

7 (5).jpg

Mamed Guseýnow, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenýändigi barada gürrüň edip, diňleýjileri Arseniý Tarkowskiniň terjimesinden, özüniň «Magtymguly Pyragynyň monologlary» monooperasyndan iki sany «Çagyrma» we «Başlangyç» monologlary https://orient.tm/ru/post/59403/nemnogo-monologov-dlya-kino-semochnaya-gruppa-filma-o-mahtumkuli-pobyvala-v-moskve bilen tanyşdyrdy. Ony Gelikon operanyň artisti Darýa Guseýnow (soprano), Anna Bobrowa (wiolonçel), fortepiano (awtor) ýerine ýetirdiler.

8 (6).jpg

Diňleýjiler güller gowşurdylar, el çarpyşmalar we minnetdarlyk sözleri ýaňlandy, olar uzak wagtlar gitmediler – öznde galan täsirler, geljekki festiwal, mekdep, sylag, hünär durmuşyna açylan ýollama bolan saz forumynyň çagalary barada gürrüň etdiler.

Soňra kuluarda täzelik belli boldy. Günorta-Günbatar döwlet uniwersitetiniň wokal sungaty bölüminiň talyplary patitrany alyp, Mamed Guseýnowyň «Solomon we sawskaýa soltany» operasynyň birinji bölüminiň (ikinji bölümi entek tamamlanmady) üstünde işläp başladylar. Ýaş kompozitoryň doglan güni üstünlikli boldy - ykbal sowgatlary köpelýärdi.

9 (3).jpg

Biz bolsa, festiwalda täze duşuşyklara garaşýarys. «Dutaryň owazy», ýoluň ak bolsun!

Lora Stepanskaýa, ssenarist, režisýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri

Foto: "Dutar sesleri" festiwalynyň guramaçylyk komiteti tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: