Türkmenistanyň Ýaşulular geňeşi esasy wezipeleri ara alyp maslahatlaşdyrlar we täze agzalar kabul edildi
20.08.2025 | 00:25 |19-njy awgustda paýtagtyň Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirildi.
Onuň gün tertibine Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň häzirki alyp barýan işleri, olaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky orny öňde durýan wezipeler girizildi. Hususan-da, ýaşulularyň ýerlerde alyp barýan işlerine işi aýratyn üns berildi.
Maslahatyň dowamynda ýaşulularyň ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna, aýratyn hem ýaşlar bilen alnyp barylýan işlere gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Olaryň baý durmuş tejribesiniň ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik we raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Şeýle hem olaryň maşgalada we jemgyýetde agzybirligi goldamakda hem-de pugtalandyrmakdaky ornuna üns berildi. Ara alyp maslahatlaşmanyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işine aýratyn üns çekildi. Gatnaşanlar milli ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydyklaryny bellediler we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary üns-alada bilen gurşap almak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtadylar.
Maslahatyň dowamynda Ýaşulular geňeşiniň düzümine täze agzalary kabul etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýerli halk maslahatlaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda üç täze agza hödürlenildi we biragyzdan saýlandy: Meretgeldi Gulgeldiýew (Aşgabat), Italmaz Saparlyýew (Aşgabat), Kakajan Täşliýew (Arkadag şäherinden)
Olaryň ählisi bildirilen ynam üçin minnetdarlyklaryny beýan etdiler we bu ynamy ödemek hem-de ýurduň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşmak üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
ORIENT