Aşgabatda «Kids Expo» sergi-ýarmarkasy açyldy: bilelikdäki döredijilige çagyryş
21.08.2025 | 11:45 |Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezi gülki we şatlyk höküm sürýän uly we ýagty dünýä öwrüldi. «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» Halkara sergi-ýarmarkasy ilkinji minutlardan myhmanlary hakykatdanam baýramçylyk gurşawyna alyp girdi.
Ýanyp duran gözleri bilen sergide ylgap ýören çagalaryň şowhuny, olaryň keşbini şatlyk bilen synlaýan ene-atalaryň ýylgyryşy — bularyň ählisi baýramçylykly pursatlarynyň kaleýdoskopyna (ajaýyp görnüşine) öwrüldi. Serginiň merkezinde bolsa — Türkmenistanyň iň ýokary gymmatlyklarynyň biri bagtyýar çagalykdyr. Bu barada serginiň açylyş dabarasynda okalan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlag hatynda nygtaldy. Onda: «Çagalar — durmuşymyzyň owadan gülleri, olaryň şatlykly gülküsi bolsa ýurduň abadançylygynyň iň aýdyň şöhlelenmesidir» diýilýär.
Dabaranyň myhmanlarynyň arasynda hökümet wekilleri, diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bardy. Bu bolsa çäräniň ähmiýetini açyp görkezýär. Emma bu ýere toplananlaryň arasynda baş gahrymanlar elbetde, çagalaryň özleridir.
Serginiň giň zallary açylyş pursatyndan başlap şowhun bilen dolup gitdi: çagalar täze oýnawaçlary synlady, interaktiw oýunlara gatnaşdy, ene-atalar bolsa bilim we dynç alyş ulgamyndaky iň täze işläp taýýarlamalar bilen tanyşdylar.
Kämillik ýolundaky ýaş alymlar üçin ýörite döredilen ussatlyk sapaklarynda tejribeli mugallymlar olara ylymda we döredijilikde ilkinji ädimlerini ätmäge, täze başarnyklary ele almaga goldaw berdiler.
Üç günläp oglan-gyzlara dürli bäsleşikler, wiktorinalar, kwestler we başga-da gyzykly çäreler garaşýar.
«Kids Expo» sergisi diňe çagalar üçin harytlary satyn almak mümkinçiligi däl, eýsem bu pikir alyşmak, innowasiýalary görkezmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin giň meýdançadyr.
Iň esasy zat — bu çäre çagalaryň ýakymly täsirlerini baýlaşdyrýan, olaryň döredijilige, açyşlara we giň dünýämizi öwrenmäge ruhlandyrýan uly hem-de mähirli baýramçylykdyr.
Enejan KEPBANOWA