“Kids Expo”-da mental arifmetika boýunça geçirilen bäsleşikde goýlan rekord dünýä derejesine dalaş edýär
21.08.2025 | 19:35 |Şu gün Aşgabatda geçirilen “Kids Expo” sergisinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen “Flash Anzan Marathon” atly mental arifmetika boýunça geçirilen bäsleşigi ýatdan çykmajak waka öwrüldi we bir bada birnäçe üstünliklere bilen tapawutlandy – milli rekordlardan dünýä derejesinde ykrar edilmegine dalaş etýän netijelere çenli.

Bäsleşigiň eminleriniň toparyna ýurduň 16 sany bilim merkeziniň mugallymlary girdi. Bäsleşigiň esasy bilermeni we hormatly myhmany hökmünde dünýä belli “MEMORIAD” atly Bütindünýä Olimpiadasy esaslandyryjysy Melik Duýar çagyryldy. Onuň gatnaşmagy bu bäsleşigiň ähmiýetini we mental arifmetika boýunça halkara hereketler bilen baglanyşygyny nygtady.

Bäsleşigiň çäginde “Memoriad” Olimpiadasy boýunça tapgyr hem geçirildi. Bu tapgyryň gahrymany Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň 14 ýaşly okuwçysy Aly Oraşow boldy. Ol “flash Anzan” ugry boýunça rekord goýdy. Aly mental arifmetika bilen üç ýyl bäri meşgullanýar we häzirki wagtda ýokary taýýarlyk derejesini görkezýär. Onuň bu gazanan netijesi dünýä derejesine laýyk gelýär we “MEMORIAD” – ýatkeşlik, akyl we tiz okamak boýunça Bütindünýä olimpiadasy tarapyndan resmi taýdan tassyklanmagyna garaşylýar.

Beýleki gatnaşanlar gyrada galmadylar. Türkmenabat şäherindäki (Lebap welaýaty) 28-nji orta mekdebiň 10 ýaşly okuwçysy Rowaç Begenjow. Mekdep okuwçysy mental düzgünde garyşyk tertipde berlen 100 sanly belgini dessine dogry jemläp bilmegi başardy ("shuffle" düzgüninde). Rowaç bary ýogy bir ýyl bäri mental arifmetika bilen meşgullanýadygyna garamazdan, ol eýýäm haýran galdyryjy tizligi we takyk hasaplaýyşy görkezýär.

Ýene bir rekordy bolsa Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 11 ýaşly okuwçysy Mekan Batyrow goýdy. Ol dokuzynjy synanyşygynda sekiz sanly sanlary köpeltmekde üstünlik gazandy, bu bolsa onuň ukyplaryny ösdürmekde möhüm ädim boldy.
Täze zehinleriň ýüze çykmagy we olaryň halkara derejesindäki üstünlikleri ýurdumyzyň dünýä derejesindäki bilim we intellektual başarnyklar boýunça bäsleşip biljek ýaş nesliniň kemala gelýändigini görkezýär.
Mental arifmetika boýunça bäsleşik “Kämil Bilim” bilim merkezi tarapyndan gurnaldy.
ORIENT