Iň täze habarlar

TESOL maslahaty Aşgabatda iňlis dili mugallymlaryny bir ýere jemledi

19.08.2025 | 16:05 |
 TESOL maslahaty Aşgabatda iňlis dili mugallymlaryny bir ýere jemledi

Sişenbe güni Aşgabatda “TESOL: Technology, Teaching, and Transformation” (Tehnologiýa, Okatmak we Özgertmek) atly halkara maslahaty öz işine başlady. ABŞ-nyň ilçihanasynyň goldaw bermeginde Iňlis dilini öwrenmegiň usulyýetini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamanyň (ELCD) çäginde guralan bu çäre Türkmenistanyň ähli künjeginden 250 mugallymy bir ýere jemledi.

ashhabad-konferenciya-tesol (2).jpg

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilýän bu çäre TESOL Halkara assosiasiýasy (Beýleki dillerde gürleýänler üçin iňlis dili mugallymlary) we QED Group, LLC kompaniýasy bilelikde gurnaldy. Onuň esasy maksady — türkmen mugallymlaryna iňlis dilini okatmakdaky iň täze innowasiýalara, strategiýalara we tendensiýalara elýeterlilik döretmekden, şeýle-de tejribe alyşmak üçin halkara meýdançany üpjün etmekden ybaratdyr.

ashhabad-konferenciya-tesol (4).jpg

Üç günüň dowamynda oňa gatnaşyjylar ABŞ-dan gelen alty we ýerli bäş bilermenleriň çykyşlaryna gatnaşarlar. Olaryň hatarynda – doktor Bet Klark-Gareka, doktor Manuel Gomes Portilýo we Liza Mann ýaly halkara derejesinde ykrar edilen hünärmenler we alymlar bar. Olar tehnologiýalaryň ulanylyşy, interaktiw usullar we okuw maksatnamalarynyň düzülmegi bilen baglanyşykly tejribelerini paýlaşarlar.

ashhabad-konferenciya-tesol (3).jpg

Maslahatda Sülgün Saryýewa, Bahar Bahbidowa, Maksatmyrat Illamanow, doktor Meretguly Gurbanow we Jebran Hudaýberdiýew ýaly ýerli bilermenleriň çykyşlary aýratyn ähmiýete eýedir. Olaryň gatnaşmagy, türkmen mugallymlarynyň ösýän hünär derejesini we öňdebaryjy usullary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny görkezýär.

ashhabad-konferenciya-tesol (11).jpg

Olar öz hasabatlarynda “gürleýän synplary” döretmek, aragatnaşyk ukybyny ýokarlandyrmak, şeýle hem tehnologiýalaryň okuwda netijeli ulanylyşy ýaly häzirki zaman temalaryň üstünde durup geçerler.

ashhabad-konferenciya-tesol (5).jpg

“TESOL: Technology, Teaching, and Transformation” atly maslahaty diňe bir mugallymlara amaly gurallary bermek bilen çäklenmän, eýsem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem ýardam edýär. Bu çäre ählumumy sanlylaşdyrmanyň örän wajyp döwründe täze tehnologiýalaryň okuw işlerine ornaşdyrylmagyna giň ýol açýar. Munuň özi diňe bir mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlanmagyna däl, eýsem geljekki nesiller üçin bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna, dünýä bileleşigine üstünlikli goşulmagyna taýýarlanmagyna goşant goşýar.

ashhabad-konferenciya-tesol (9).jpg

Häzirki zaman dünýäsinde iňlis dilini bilmek diňe bir ussatlyga däl, eýsem hünär we şahsy ösüş üçin zerur şert boldy. Ol ylmyň, tehnologiýanyň, işewürligiň we diplomatiýanyň ählumumy dilidir. Şonuň üçin dil taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmak islendik döwletiň ählumumy bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak üçin strategiki ähmiýete eýedir.

ashhabad-konferenciya-tesol (8).jpg

Şunuň ýaly maslahatlar öňdebaryjy usullara elýeterliligi üpjün etmek bilen, halkara derejesinde iş alyp barmaga ukyply geljekki hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim bolup durýar.

ashhabad-konferenciya-tesol (1).jpg

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: