Iň täze habarlar

«PETRONAS Carigali (Türkmenistan) SDN BHD» kompaniýasynda amallary kämilleşdiriş hünärmeniň wezipesi boýunça boş iş orunlary açyldy

20.08.2025 | 15:10 |
 «PETRONAS Carigali (Türkmenistan) SDN BHD» kompaniýasynda amallary kämilleşdiriş hünärmeniň wezipesi boýunça boş iş orunlary açyldy

«PETRONAS Carigali (Türkmenistan) SDN BHD» kompaniýasy amallary kämilleşdiriş hünärmeniniň iş orunlary üçin degişli talaplara laýyk gelýän we hünär derejesine eýe bolan dalaşgärleri işe çagyrýar.

Iş ýeri: Gyyaýnly şäherçesi, Türkmenbaşy.

Dalaşgärler aşakdaky talabalaýyk bilim derejesine eýe bolmaly:

Döwlet dolandyryşy, işewür dolandyrylyşy, hukuk, syýasy ylymlary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary ýa-da şoňa deň gelýän bilim derejesi. Şeýle-de, degişli ugurda azyndan 3 ýyl iş tejribesi we nebit-gaz pudagyndaky gyzyklanma bildirýän ýerli taraplar bilen gatnaşygy dolandyrmak tejribesi hökmany şert bolup durýar.

Dalaşgärler iňlis, türkmen we rus dillerini erkin bilmeli hem-de MS Office, MS Teams, MS Word, MS Excel, MS PowerPoint ýaly programmalarynda işläp bilmelidir.

Arzalary kompaniýanyň Aşgabatdaky edarasynda Türkmenistan, Aşgabat ş., Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81 (B blok) salgy boýunça alyp bolýar.

Doldurylan anketalar kompaniýa ugradylmaly ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron poçtasyna iberilmeli. Arzalar bu bildirişiň çap edilen senesinden başlap 2 hepde geçmän tabşyrylmalydyr. Arzada dalaşgäriň ady, familiýasy we isleg bildirilýän wezipesi görkezilmeli.

Ýokary tejribeli we kompaniýanyň talaplaryna laýyk gelýän dalaşgärler saýlanyp alynar we söhbetdeşlige çagyrlar.

Bildiriş «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edildi.

ORIENT

Foto: businesstoday.com.my

Şeýle hem okaň: