Türkmenistanyň dünýä syýasatyndaky hukuk esaslary we wezipeleri barada – Halk Maslahatynyň Başlygynyň çykyşyndan
21.08.2025 | 04:30 |“Türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Häzirki taryhy döwürde bu däpleriň ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi” – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Halk Maslahatynyň alyp barýan işleri ýurduň netijeli durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, milli kanunçylygyň pugtalandyrylmagyna hem-de dolandyryş we ýerine ýetiriji edaralaryň işini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
“Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ählisi döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, bu işleri netijeli dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendir” – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanylmagynyň, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi bolsa parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny, onuň kadalaryny, esasy maksatlaryny, öňüni alyş diplomatiýasyny, ýurduň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kanun arkaly berkider.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we öňde boljak Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny ýokary derejede geçirmek nukdaýnazaryndan Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara ähmiýetini we ýurduň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatyny öňe ilerletmekdäki, halklaryň arasyndaky ynanyşmagy we medeni dialogy pugtalandyrmakdaky ornuny nygtady.
Halk maslahatynyň mejlisiniň öň ýanyndaky esasy wezipeleriň hatarynda – ykdysadyýet, sanly tehnologiýar, senagat, oba hojalyk, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary boýunça teklipleri taýýarlamak şeýle hem sebit derejesinde maksatnamalaryň we taslamalaryň ýerine ýerine ýetirilişiniň seljermeleri bar.
Işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda —
makroykdysady ýagdaýyny we maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak;
ykdysadyýetiň pudaklaryny we maýa goýum taslamalaryny depginli ösdürmek;
sanly tehnologiýalary we häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak;
hususy telekeçiligi ösdürmek we önümçilik mümkinçiliklerini pugtalandyrmak.
“Biziň işimiziň esasy esasy maksady – ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek bolup durýar” – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça giňişleýin guramaçylyk işleri geçiriler: raýatlardan gelip gowşan tekliplere, beýleki ýüztutmalara garamak, Türkmenistanyň Mejlisi, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işleri bilelikde utgaşykly alyp barmak, teklipleri taýýarlamak we mejlisiň gün tertibini, onda kabul ediljek resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak şeýle hem Halk Maslahatynyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşy üçin işjeň düşündirilişini.
Şeýle hem mejlisde şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek, täze şäherdir obalaryň gurluşyklaryny ýokary depginde dowam etdirmek, oba hojalyk pudagynyň dolandyrylyş ulgamyny kämilleşdirmek we ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny goldamak boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu işler maliýe ulgamynyň durnuklylygyny pugtalandyrmaga we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, işjeň daşary syýasat işi, BMG-niň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek we ählumumy derejede parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri öňe sürmek Türkmenistanyň strategiki taýdan ileri tutýan ugry bolmagynda galýar.
ORIENT