Iň täze habarlar

Hytaýly inžener öz pişigi üçin mini-metrony gurdy

21.08.2025 | 19:40 |
 Hytaýly inžener öz pişigi üçin mini-metrony gurdy

Hytaýly Sin atly inženeri dört aýyň dowamynda öz pişigi — Mister Naýs atly meýn-kun üçin üýtgeşik taslamany — doly işleýän mini-metronyň ulgamyny döretdi.

1

Bu taslama diňe bir oýnawaç däl-de, eýsem hakyky wagonlary, stansiýasy we hatda eskalatory bolan işleýän modeli bolup durýar.

3

Metro giň gerimli we rahat «Pişik şäheriniň» bir bölegidir. Ulag ulgamynyň daşyndan inžener pişigi üçin dürli güýmenje zolaklaryny hem döretdi:

• ownuk toplar bilen bilýard otagy;

• oýunjak maşynlar üçin awtoduralga;

• ekrany bolan öý kinoteatry;

• «pişik walýutasyny» saklaýan bank.

2

Iň kyn inženerçilik meseleleri wagonyň gapylaryny platforma bilen utgaşdyrmak hem-de işleýän eskalatory döretmek boldy. Sin bu kynçylyklary 3D-printeriň we elýeter materiallaryň kömegi bilen çözdi. Inženeriň aýtmagyna görä, ol «tehniki hyzmat» üçin zerur bolan ýagdaýynda özi-de wagona girip bilýär.

4

Taslama eýýäm sosial ulgamlarda on müňlerçe tomaşaça görkezildi we döredijiligi hem-de inženerçilik takyklygy üçin ýokary baha berildi. Taslamanyň awtory Sin bolsa, indiki maksadynyň öz söýgüli pişigi üçin mini-howa menzilini gurmakdygyny aýtdy.

5

ORIENT

Foto: hi-tech.mail.ru

Şeýle hem okaň: