Iň täze habarlar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany diýen ada eýe boldy

24.09.2023 | 19:23 |
 Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany diýen ada eýe boldy

Şu gün, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa iň ýokary tapawutlandyryş derejesini - "Altyn Aý" altyn nyşanyny gowşurmak we Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak dabarasy geçirildi.

Звание 2.jpg

Milli Mejlisiň Başlygy Dünyägözel Gulmanowa Mejlisiň Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak baradaky Kararyny okady.

Resminama görä, milli garaşsyzlygyň esaslaryny berkitmekde, ýurduň Bitaraplygy ýörelgelerinde, döwletiň depginli ösüşinde we güýçlenmeginde şeýle-de halkara abraýynyň artmagynda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gahrymany diýen ada eýe boldy.

ORIENT news

Foto: "Altyn asyr" teleýaýlymyndan

Şeýle hem okaň: