Türkmenistanyň tehnologiýa ösüşinde uly ädimleri ädýändigi Aşgabatdaky uniwersitetde guralan sergide aýdyň görünýär
19.09.2023 | 15:15 |Şu hepde Aşgabat şäherindäki Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Durnukly ykdysady ösüş: innowasiýalar we senagatlaşmak” ady bilen ýokary tehnologiýalaryň hepdeligi geçirilýär. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň iň iri tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň işläp taýýarlamalaryny görkezýän sergi guralýar.
Uniwersitetiň okuw işleri boýunça prorektory Aýmyrat Muhammedow sergide görkezilýän işler barada “ORIENT-e” gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, bu hepdeligiň maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary çekmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.
Uniwersitetiň çägindäki “Oguz han” innowasiýa merkezinde talyplar patentleşdirilen işläp taýýarlamalaryny, halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we ÝHHG-niň wekilhanalary hem öz bölümlerini görkezdiler.
Prorektoryň bellemegine görä, görkezilen ähli işler ylmy başlangyçlaryny görkezen talyplaryň we mugallymlaryň bilelikdäki tagallalarydyr. Ylmy işleri alyp barmak üçin bolsa, ýokary okuw mekdebinde ähli mümkinçilikler döredilendir.
Serginiň biolukmançylyk bölüminde dürli tehnikalaryň we geçirijileriň arasynda puls ölçeýji enjam ilki bilen ünsüňi çeýär. Talyplar tarapyndan işlenip taýýarlanan damjalaýyn sanjymyň derejesini onlaýn duýdurýan enjam, öýkende kislorod ýetmezçiligine görä dem beriji ýörite enjam, sinhron hereketleri ýerine ýetirýän ellik we bioniki el hem özüne çekýär. Bellenişine görä, bu ýerde görkezilýän enjamlaryň ählisi iş ýagdaýynda bolup, önümçilige ornaşdyrybermelidir. Şeýle hem, sergide täze geljegi uly işläp taýýarlama - dermanlary kabul etmegiň wagtynyň bolandygyny duýdurýan we degişli möçberde derman serişdesini berýän enjam hem bar. Ol uzak wagtlap hassa ýatan we gözegçilik edilmegini talap edýän hassalar üçin netijeli bolup biler.
Beýleki işläp taýýarlamalaryň hatarynda kiçi göwrümli ýükleri daşamakdan ýokardan surata düşürmäge çenli niýetlenen dronlar, “söwdagär” (wending) enjamlar we hemme ýerde hereket edip bilýän kiçi robotlar bar.
“Akylly” şäher, “akylly” öý, “akylly” duralga ýaly häzirki zaman şäher gurşawyna ornaşdyrybermeli tehnologiýalara hem bu ýerde giň orun berlipdir. Talyplaryň bellemeklerine görä, daşary ýurtly işläp taýýarlamalardan tapawutlylykda, olaryň döreden enjamlarynda köp çykdajylary talap edýän geçiriji ulgam hökman däl. Bu hili birikmäniň ählisini belli bir belentlikde ornaşdyrylan kamera ýerine ýetirýär. Emeli algoritm duralgadaky boş we eýeli ýerler barada ulanyja gerekli maglumatlary berýär. Sergide “tanyş” we “ýat” awtoulaglary saýlap, degişli hereketi awtomatik usulda ýerine ýetirýän şlagbaum hem bar. Onuň gapdalynda bolsa, küşt oýnuny akyllylyk bilen oýnaýan tehnologiki enjamy görmek bolýar.
Kamera ornaşdyrylan “akylly” ýolyşygy ulaglarynyň akymynyna görä, ýol hereketini sazlaýar. Robot ofisant bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Ol myhmanyň “QR” koduny skanirläninden soň, nahary eltmege girişýär.
Bu ýerde görkezilýän talyplaryň işläp taýýarlan “akylly” öý ulgamy paýtagtymyzyň 16-njy tapgyrynyndaky 2 sany ýaşaýyş jaýynda eýýäm ornaşdyrylandyr. Serginiň indiki bölüminde buýan kökünden derman senagaty üçin möhüm bolan ekologiýa taýdan arassa glisirizin almagyň we onuň galyndysyndan dürli dökünleri, superfosfat we kagyz öndürmekde ulanylýan sellýuloza almagyň usuly tanyşdyrylýar.
Himiýa işläp taýýarlamalaryna hem bu ýerde guralýan sergide giň orun berlipdir. Geljegi uly işläp taýýarlamalaryň hatarynda gaýtadan işlenen plastikden alnan sintepon (mata görnüşli önüm), materiallary has-da berkitmek üçin uglerod nanosüýümi, mermer daşyny ýuwmak üçin himiki serişdeler, emel mermer daşynyň dürli nusgalary, elektroliz usuly arkaly suwdan wodorod almagyň usullary bar. Nebitgaz ýataklary burawlananda ýüze çykýan suw we beýleki maddalaryň ýüze çykmagynyň öňüni alýan organobentoniti almak boýunça gymmatly usuly hem tanyşdyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty üçin möhüm bolan organobentonit daşary ýurtlardan satyn alynýar. Milli işläp taýýarlamany önümçilige ornaşdyrmak arkaly importyň ýerini tutup bolar.
Garagumyň çägesinden kremniý oksidini almagyň usullary ýurdumyzda aýna önümçiligini mundan beýläk-de giňeltmäge şert döreder. Häzirki wagtda oksidiň möçberini azaltmak arkaly elektronik senagatynda giňden ulanylýan kremnini almagyň usullary öwrenilýär.
Ýurdumyzda ilkinji gezek işlenip taýýarlanan awtoulaglar üçin nawigasiýa ulgamy serginiň merkezinde ýerleşdirilipdir. Ol ýakynda taýýar edilip, oňa heniz at hem dakylmandyr. Ol “Google” we “Ýandeks” hyzmatlaryny ulanmazdan sebitde ilkinji bolup elektron kartalara elýeterliligi üpjün edýär. Täze işlenip taýýarlanan milli kiberhowpsuzlyk ulgamy dürli Internet howplarynda we hüjümlerinden ygtybarly goramaga ukyplydyr.
Uniwersitetiň prorektorynyň mälim etmegine görä, golaýda daşary ýurtly myhmanlaryň bu ýere gelip görmeklerine garaşylýar. Ýokary okuw mekdebi talyplaryň işläp taýýarlamalaryny önümçilige, şol sanda hususy düzüme ornaşdyrmak ugrunda hem iş alyp barýar.
ORIENT news