Iň täze habarlar

Türkmen telekeçilerini daş senagaty boýunça Hindistanda geçjek halkara sergisine çagyrýarlar

25.07.2023 | 13:16 |
 Türkmen telekeçilerini daş senagaty boýunça Hindistanda geçjek halkara sergisine çagyrýarlar

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekillerini «India Stonemart 2024» atly daş senagaty boýunça halkara sergisiniň we maslahatynyň gatnaşyjylary bolmaga çagyrýarlar. Ol 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 4-nji fewraly aralygynda Hindistanyň Jaýpur şäherinde geçer- diýip, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň saýty habar berýär.

Çäre daş pudagy boýunça ähli gyzyklanýan taraplary – öndürijileri we sarp edijileri, bilermenleri, tehnologiýalar bilen üpjün edijileri we binagärleri ýygnar.

Sergi oňa gatnaşyjylara bütin dünýäden bolan sarp edijileriň arasynda önümi we hyzmatlary mahabatlandyrmaga ajaýyp platformany berer, işewür gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreder.

Görkezilýän önümleriň arasynda – tebigy daşlaryň ähli görnüşleri, mermer, granit, slanes, kwarsit, gumdaş, daş maşyn enjamy, sarp edilýän zatlar bardyr.

Daş işläp bejermek senagatynyň halkara sergisi «India Stonemart 2024» 2000-nji ýyldan bäri daşlary işläp bejermek Merkezi (CDOS) tarapyndan Rajastan ştatynyň senagat ösüşi we maýa goýumlar Döwlet korporasiýasy (RIICO) bilen bilelikde her iki ýyldan bir gezek geçirilýär.

ORIENT habarlar

Foto: tstb.gov.tm

Şeýle hem okaň: