«Türkmendeňizderýaýollarynda» ýükleri gümrük pajyny tölemezden saklamak mümkinçiligi barada ýatlatdylar
18.07.2023 | 11:53 |Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty ýükleri ýörite gümrük düzgüninde gümrük paçlaryny tölemezden saklamaga ygtyýarnama eýedir. Bu baradaky ýatlatmany şu gün «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň saýty çap etdi.
«Bu hyzmat portyň çäginde dürli ýükleri we harytlary gümrük pajyny tölemezden we resmileşdirmezden 3 ýyla çenli saklamaga mümkinçilik berýär – diýlip, habarda aýdylýar. — Türkmenistanyň çägine getirilýän harytlar gümrük gözegçiligi astynda gümrük paçlary, salgytlar tölenmezden, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenen ykdysady häsiýetli gadagan edilmeler we çäklendirmeler girizilmezden saklanýar».
Hyzmat söwda kompaniýalary we öndürijiler üçin amatly we bähbitli bolar, sebäbi olar ýükleri kadaly ugradyp we ýükleri goňşy sebitlere göni portyň çäginden paýlap bilerler. Şeýle hem deňiz duralgasy olara häzirkizaman ýükleýji tehnikasyna, golaýda ýerleşen awtoulag we demir ýollaryna elýeterligi üpjün edýär we harytlary tiz wagtda goňşy ýurtlara ýa-da Türkmenistanyň içine ugratmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty 5 terminaldan ybaratdyr, olaryň her biriniň öz aýratyn ammary bardyr, ol ýerde Türkmenistanyň döwlet araçäginden getirmäge ýa-da çykarmaga rugsat edilen islendik önümi saklap bolýar.
Portyň terminallarynyň sanawy we ammarlaryň beýany:
— Parom-ýolagçy terminaly. Onuň ýükleri ulag serişdeleri bilen bilelikde saklamak üçin açyk we ýapyk ammarlary bar.
— Konteýner terminaly. Umumy meýdany 9,984 inedördül metre deň bolan ýapyk ammary we umumy meýdany 3060 inedördül metre deň bolan açyk ammary bardyr.
— Ürgün ýükleriň terminaly. Meýdany 37 000 inedördül metre deň bolan açyk ammary bar we umumy meýdany 8 512 inedördül metre deň bolan ýapyk ammarlary bardyr.
— Umumy ýükleriň terminaly. Meýdany 75 000 inedördül metre deň bolan açyk ammary bar we meýdany 26 394 inedördül metre deň bolan ýapyk ammary bar.
— Polipropilen terminaly. Ýapyk ammary bar.
ORIENT habarlar