Gazagystan öz kompaniýalaryny Alibaba.com halkara platformasyna çykarmak boýunça maksatnamany ýola goýdy
10.07.2023 | 20:55 |Gazagystan Respublikasynyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň goldawy bilen «QazTrade» Söwda syýasatynyň ösüş merkezi Alibaba.com Halkara söwda platformasyna çykarmak boýunça kompaniýa saýlamagyň başlandygyny habar berdi. Bu barada merkeziň metbugat gullugy habar berýär.
2023-nji ýylda Gazagystanyň 70 kompaniýasyna Alibaba platformasynda 1 ýyl möhlet bilen Gold Supplier akkaundy berler. Gold Supplier дerejesi telekeçiler üçin tutuş dünýä ilatyna elýeterliligi üpjün edýär we Alibaba.com platformasynda öndürijiniň tanalmagyna, abraýynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
«QazTrade» merkeziniň berýän maglumatlaryna görä, Maksatnama platformada işlemek we harytlary mahabatlandyrmak, önümiň eksportynda doly hyzmat we goldaw bermek boýunça okuwlary göz öňünde tutýar.
Geçen ýyl Alibaba.com saýtynda Gazagystanyň milli pawilýony açyldy. Alibaba bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde Gazagystanyň birentek kompaniýasy öz önümlerini daşary ýurt bazarlaryna işjeň ýagdaýda hödürlemek üçin gural hökmünde elektron söwda kanallaryny özleşdirdi. Ýurt pawilýonynda 7500-den gowrak önüm hödürleýän 130 kompaniýa bar.
Alibaba – Hytaýyň dolanyşygy 106 milliard dollar bolan öňdebaryjy elektron söwda bazarydyr. Esasy işler kompaniýalaryň arasynda amala aşyrylýan B2B görnüşli söwda amallary we onlaýn bölek satuwlardyr.
Mundan başga-da, şu ýylyň maý aýynda Gazagystan Hytaýyň JD.com saýtynda milli pawilýonyny açdy. Milli pawilýonyň elektron platformada ýola goýlan ilkinji sagadynda hytaýly alyjylardan 10 müňden gowrak sargyt alyndy. Şol bir wagtyň özünde, bar bolan harytlaryň 80%-i rekord wagtda satyldy.
JD.сom (Jingdong Mall) - Hytaýda 1998-nji ýylda esaslandyrylan harytlary we hyzmatlary satmak üçin iň iri onlaýn platforma. Onuň hyzmatlaryndan 400 milliondan gowrak adam peýdalanýar. 2022-nji ýylda JD.com girdeji taýdan Hytaýyň onlaýn bazarlarynyň arasynda birinji orny eýeledi.
ORIENT news