Iň täze habarlar

Ekerançylygyň geljegi - EI dronlary ýetişen miwe hasyllaryny ýygnaýarlar

08.07.2023 | 21:20 |
 Ekerançylygyň geljegi - EI dronlary ýetişen miwe hasyllaryny ýygnaýarlar

Ysraýylyň Tevel kompaniýasy miwe hasylyny ýygnamak döwründe işçi güýjüniň ýetmezçiligi meselesine innowasion çözgüt tapdy. Ol emeli intellektli robot platformalar. EI uçýan platformadan simli dronlary dolandyrýar. Dronlar şahalaryň arasynda aýlanýarlar we zeper ýetmedik diňe bişen miweleri saýlaýar. Alma, armyt, erik, şetdaly we ş.m. miweleriň ýygymy ähli basgançaklarda adamlar gatnaşmazdan amala aşyrylýar. Bu ekerançylygyň geljegi diýip, işläp taýýarlaýjylar tassyklaýarlar.

Öwredilen maşyn intellekti, miwäniň her aýratyn görnüşi üçin daşky görnüşini seljerýär we miwäni diňe gowy bişen we zeper ýetmedik ýagdaýynda saýlamagy buýurýar. Synag hojalygynda platformanyň işlemegi, hasyl almak üçin çykdajylary ep-esli azaldar we her geçişde diňe iň oňat hilli miweleri saýlamaga mümkinçilik berer diýip, NewAtlas ýazýar.

1-1.jpg

Platformanyň özi simli güýç berijiden güýç alýarka uçýan ýygnaýjy dronlarynyň işlemegine mümkinçiligi bolýar. Eger platforma elektrik kabeli bilen güýç berilse, onda iş çäksiz, hatda garaňkyda-da dowam edip biler. Bu ýerde aýratyn päsgelçilikler ýok - süzgüçleri häzirki yşyklandyryşa dogry sazlamak ýeterlikdir.

Dronar miweleri, hatda şetdaly ýa-da nektarin ýaly iň näzik miwelere zyýany azaldýan howa sorujy enjam bilen alýarlar. Dronlar goparylan miweleri platformanyň lentasyna ýerleşdirýärler we ondan miweler gaplaýyş zawodyna daşamak üçin konteýnerlere düşýär.

2-2.jpg

Tevel kompaniýasy, robotyň daýhanlaryň arasynda kabul ediljekdigine ynanýar. Ýöne, alma ýygnamak üçin teklip edilen awtonom çözgüt bagyň ýörite ekilmegini we şekillendirilmegini talap edýär. Sebäbi dronlar häzirki wagtda elektrik kabeliniň uzynlygy bilen çäklenýär. Şeýle-de bolsa, işiň bu görnüşi adamlar gatnaşmazdan amala aşyrylsa, bu önümleriň bahasynyň arzanlamagyna we hiliniň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler.

Mundan başga-da, robotlar elydama miwe ýygnap we her ýygnaýan miwesi barada dürli maglumatlary habar berip, maglumat agentleri bolup hem hyzmat edýärler. Bu aýratynlyk, daýhanlara ýygnan miweleriň jemi, aýratynlykda ululygy, agramy, wagty, bişmeklik derejesi, ýüze çykarylan keselleri we başgalar barada hakyky maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Platformanyň artykmaçlyklaryna eýýäm Italiýada, ABŞ-da we Çilide daýhanlary tarapyndan ýokary baha berildi.

4-2.jpg

ORIENT news

Foto: Tevel

Şeýle hem okaň: