Iň täze habarlar

Aşgabatdaky ýyladyş ulgamlarynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler

10.07.2023 | 14:35 |
 Aşgabatdaky ýyladyş ulgamlarynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler

Däp bolşy ýaly tomus döwründe Türkmenistanda ýyladaş infrastrukturasynyň gyşky möwsüme deslapky taýýarlanmagy we abatlanmagy başlanýar. Şeýlelikde, paýtagtyň häkimligi Aşgabatýylylyk trestiniň ýyladyş ulgamlarynyň düýpli abatlanmagy üçin tender-bäsleşigini yglan etdi.

Mundan başga-da, şäher häkimligi paýtagtyň trestiniň çillerlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak üçin täze kompressorlary satyn alar. Bu baradaky bildiriş şu gün «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Gyzyklanýan taraplaryň ýüz tutmalary we teklipleri üstümizdäki ýylyň 19-njy iýulyna çenli Türkmenistanyň maliýe Ministrliginiň şu salgyda ýerleşýän binasynda kabul ediler: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 156.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-46-32, 39-46-38, 39-46-39.

ORIENT habarlar

Foto: pixabay.com

Şeýle hem okaň: