Türkmenistanyň maliýe Ministrligi döwlet eýeçiligine degişli 45 desgany satuwa çykarar
10.07.2023 | 14:22 |Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet Ministrligi döwlet eýeçiligine degişli desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdany geçirer, onda dürli ugurlara niýetlenen 45 desga satuwa çykarylar. Bu baradaky bildiriş resmi türkmen metbugatynda ýaýradyldy**.
Şeýlelikde, söwda Ministrliginiň, oba hojalygy Ministrliginiň, suw hojalygy Döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, “Türkmenbaşy” bankynyň, awtoulag ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak boýunça döwlet agentliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Aşgabat şäheriniň, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleriniň eýeçiligindäki binalar döwlet eýeçiliginden aýrylmaga degişli bolar.
Bäsleşikli söwda 28-nji iýulda sagat 10:00-da döwlet emläginiň söwdalaşyklarynyň sanly meýdançasynda geçer. Hasaba alynmak söwdalaşyklaryň başlanmagyna bir sagat galanda başlanýar. Olar «Döwlet eýeçiligindäki desgalary döwlet eýeçiliginden aýyrmak we hususylaşdyrmak» hakyndaky kanuna doly laýyklykda geçer.
Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 92-12-97/92-11-34, 39-46-09/63/69.
ORIENT habarlar