Penzadan gelen telekeçileri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi bilen tanyşdyrdylar
08.07.2023 | 12:19 |Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow RF-nyň Penza oblastynyň telekeçileri bilen duşuşdy we olara Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi – diýip, oblast ykdysadyýet Ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, ПензаПресс habar berýär.
«Türkmenistan demir ýol infrastrukturasyny kämilleşdirmegi meýilleşdirýär, şol sebäpli häzir bizde elektrotehniki we metallurgiýa önümlerine isleg bildirilýär — diýip, Ýelizarow gürrüň berdi».
Işewür duşuşygyň barşynda 2022-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Penza oblastyna 146,9 mln rus rubly möçberinde harytlary eksport edendigi bellenildi.
Şeýle hem türkmen kompaniýalary sebidiň logistika mümkinçiligine gyzyklanma bildirýärler, sebäbi Penza-1 stansiýasy — bu «Demirgazyk — Günorta» Halkara ulag geçelgesiniň çägindäki iri üstaşyr düwünidir.
ORIENT habarlar